Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany
Ykdysadyýet
Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany
Çap edildi 01.11.2023
1157

Şu gün “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde innowasion häsiýetli milli ykdysadyýetimiz okgunly ösdürilýär. Bu bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Halk hojalygynyň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegini maksat edinýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şu günki çäre bagşy-sazandalaryň çykyşlary, şeýle hem geçen 30 ýylyň dowamynda bank ulgamynda gazanylan üstünlikleri şöhlelendirýän sergi bilen utgaşdy. Bu ýerde ýadygärlik teňňeler, milli zergärçilik şaý-sepleri, zikgeçiligiň taryhyna bagyşlanan gymmatlyklar sergilendi. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna möhüm orun berildi.

Maslahata ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. “Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi we hili ýokarlandyrylýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde, halkara maýa goýum hyzmatdaşlygynda, pul-karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bank ulgamynyň we milli manadyň orny, bank işinde sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy barada çykyşlar edildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylyp, maliýe-bank hyzmatlary kämilleşdirilýär. Programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanylyp, sanly ykdysadyýete geçmek işi üstünlikli amala aşyrylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, bu çäre banklara pul akymlaryna gözegçilik etmäge, degişli çözgütleri kabul etmäge şert döredýär.

Durmuşa geçirilýän yzygiderli işleriň netijesinde milli pulumyz bolan manat häzirki zaman elektron görnüşinde hem barha işjeň dolanyşyga girizilýär. Türkmenistanlylaryň «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Overdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini giňeltmek, milli töleg ulgamynyň durnuklylygyny we banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Maýa goýum işjeňligini artdyrmak, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm strategik ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaý karzlarynyň möçberini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Çykyş edenler içerki bähbitleri nazara alyp işlenip taýýarlanylan durmuş ugurly çeýe ykdysady strategiýanyň, şeýle hem döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde oňyn görkezijileriň gazanylýandygyna ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň banklarynyň öňünde goýan ileri tutulýan wezipelere laýyklykda, türkmen manadynyň hümmetini berkitmek, maliýeleşdirmegiň we ilatyň goýumlarynyň möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Halkara ülňülere laýyklykda, banklaryň maliýe hasabatlylygyna, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljekde-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow