Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 01.11.2023
1631

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny aýtdy hem-de dostlukly ýurduň daşary işler ministrine, onuň kärdeşlerine bu formatda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berjek forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlary öz içine alýan özara bähbitli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirildi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede açyklyk, özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan dialog döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Prezident Ýun Sok Ýol bilen bolan duşuşygynyň netijeli häsiýetini nygtady. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijelidigi nygtaldy. Bu formatda her ýyl geçirilýän duşuşyklarda hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Soňky ýyllarda parlamentleriň ugry boýunça türkmen-koreý gatnaşyklary hem yzygiderli häsiýete eýe boldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara saparlary amala aşyrylýar. Şeýle gatnaşyklar parlamentarileriň arasynda netijeli tejribe alşylmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, iri koreý kompaniýalarynyň birnäçesi indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz we ulag pudaklarynda netijeli iş alyp barýarlar. Şunda taraplaryň işewürlik hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge özara gyzyklanmalary tassyklanyldy.

Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça Patyşa Sejong adyndaky bilim merkeziniň üstünlikli işleýändigi bellenildi. Koreý dili Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem öwredilýär. Şol bir wagtda, türkmen ýaşlary Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Dostlukly ýurduň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça netijeli söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Aşgabatda bolmagynyň özünde galdyran ýakymly täsirlerini paýlaşdy we ak mermerli türkmen paýtagtyna, onuň özboluşly binagärlik keşbine, gözelligine haýran galandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžin ýyl-ýyldan täze, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly döwletara dialogyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow