Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgäňiziň esasynda adam hakyndaky aladalaryň ähli zatdan ileri tutulýan demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Siziň baştutanlygyňyzda toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimiziň ähli künjeklerinde milli baýramymyz — mukaddes Garaşsyzlyk güni joşgunly dabaralara beslenip, giň gerim alýar, täze obalar, ýaşaýyş jaýlary, önümçilik desgalary açylyp ulanmaga berilýär, dürli maslahatlar, sergiler geçirilýär. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.
Hormatly Arkadagly Serdarymyz!
Abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly barýan Bitarap Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýol geçdi. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Garaşsyz döwletimiz merdana halkymyzyň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde, dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriniň birine öwrüldi. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bu gün bütin dünýäde ykrar edilýär.
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüşlerimiziň kepili bolan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkymyz el-ele berip, hormatly Prezidentimiz, Siziň daşyňyza jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy mundan beýläk-de giň gerimde ösdürmek we belent sepgitlere ýetirmek boýunça eden taryhy çykyşyňyz hem-de oýlanyşykly teklipleriňiz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň gazananlaryny has-da şöhratlandyryp, eziz Diýarymyzyň döwrebap özgertmeler bilen öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Siziň: «Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr» diýen joşgunly jümleleriňiz halkymyzyň, Arkadagly Serdarymyz, Siziň bilen bagtyýar we asuda geljege bolan ynamyny artdyryp, täze taryhy döwrümiziň beýik ösüşlerine, belent maksatlaryna buýsanjyny dabaralandyrdy.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagyňyz, onda köp sanly teklipleri beýan etmegiňiz döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ilerledilmegine täze itergi berdi. Siziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, onda hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş, hususan-da, tutuş adamzada dahylly bolan ekologik mesele boýunça öňe süren teklipleriňiz halkara jemgyýetçilik tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Baýramçylyk günleriniň öň ýanynda ýurdumyzyň utgaşdyrmagynda köp sanly hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi berkarar döwletimiziň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.