Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatly türgenleriň tapawutlanmagy
Sport
Aşgabatly türgenleriň tapawutlanmagy
Çap edildi 18.12.2016
2597

Geçen hepde sport wakalaryna baý boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda geçen basketbol (3X3 görnüşli) we bilýard boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatlarynyň ikisini, şeýle hem Gubadag şäherinde geçen kabaddi boýunça Daşoguz welaýatynyň açyk çempionatyny görkezmek bolar. Basketbol boýunça ýaryş erkekler toparynyň 16-syny hem-de zenanlar toparynyň 10-syny«Berkararlyk» sport toplumynyň meýdançasynda jemledi. Erkekleriň arasyndaky ýaryşda paýtagtly türgenler hormat münberiniň ähli basgançaklaryny eýelediler. Ýaryşyň aýgytly duşuşygynda «Hazyna» toparyny 21:11 hasabynda ýeňip, «Türkmenistan» topary altyn medala mynasyp boldy. Üçünji orun ugrundaky oýunda «Gurluşykçy» çekeleşikli göreşde, 21:18 hasabynda «Marydan» üstün çykdy. Zenanlaryň arasynda geçen ýaryşyň finalynda hem Aşgabat şäheriniň iki topary öz arasynda bäsleşdi. Netijede «Gyzyl ýarymaý» çekeleşikli göreşde 15:14 hasabynda «Hatyja katering» toparyny ýeňdi. Bürünç medal ugrundaky bäsleşikde ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň iki topary güýç synanyşdy. Bu duşuşykda «Lebap»«Türkmenabady» 17:14 hasabynda ýeňdi. Indi Milli basketbol federasiýasynyň tälimçileri halkara derejesindäki iri ýaryşlarda çykyş etmek üçin erkekler we zenanlar ýygyndy toparlarynyň düzümini kesgitlemäge girişerler. Olar 3X3 basketbol boýunça 24-nji dekabrdan 30-njy dekabra çenli Gollandiýanyň Eýndhowen we Almer şäherlerinde geçiriljek dereje ýaryşlarynyň ikisine gatnaşarlar. Paýtagtymyzyň «Älemgoşar» sport merkezinde geçen bilýard boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Ýaryş «Erkin piramida» görnüşi boýunça geçirildi. Bu görnüşiň düzgüni boýunça 16 şaryň hemmesini oýnamak bolýar, ýagny olaryň islendigine kiý diýlip atlandyrylýan bilýard taýajygy arkaly urgy geçirmäge rugsat edilýär. Final duşuşykda öz topardaş ýoldaşy Batyr Aşyrowy utup, aşgabatly Ebabekir Bekdurdyýew ýaryşyň ýeňijisi boldy. Aşgabatly Begenç Jumagylyjow bilen Daşoguz welaýatyndan Aziz Durdyýew bürünç medala mynasyp boldular. Basketbol bilen bilýard geljek ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem şeýle ýaryşlaryň her birisi bu toplumlaýyn sport forumyna taýýarlygyň wajyp tapgyry bolup durýar. Ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasynda kabadi boýunça Daşoguz welaýatynyň açyk birinjiligi ilkinji gezek Gubadag şäherinde geçirildi. Toparlaryň ikisinde hem paýtagtly türgenler ýeňiş gazandylar. Ýer eýeleri ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp bldular. Indi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň bäşisiniň ýygyndy toparlary şu aýyň ahyrlarynda geçjek Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görerler. Ýaryşyň netijeleri boýunça 2017-nji ýylyň aprel aýynda Maşat şäherinde (Eýran Yslam Respublikasy) geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň düzümi kesgitlener.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow