Baş sahypa
\
Sport
\
“Ahal”—futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony
Sport
“Ahal”—futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony
Çap edildi 16.12.2016
2468

“Ahal” topary milli birinjiligiň jemleri boýunça futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Sylap Seýdiýewiň we Serdar Ataýewiň tälim berýän türgenleri Aşgabadyň çempiony, ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrliginiň topary “Bagtyýarlykdan” 2:1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji gezek bu ada mynasyp boldular. “Ahal” topary ýarym finalda Türkmenistanyň geçen ýylky çempiony hem-de Aşgabadyň açyk birinjiliginiň kümüş medalyna eýe bolan Balkan welaýatynyň “Deňizçi” topary bilen oýnuň esasy wagtynda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, on bir metrlik urgularyň netijeleri boýunça bolsa 4:3 hasabynda üstün çykyp, birinji orny eýelemegi başardy. “Bagtyýarlyk” topary paýtagtymyzyň birinjiliginde üçünji ýeri eýelän “Galkan” toparyndan 9:2 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Jemleýji duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Oýnuň 5-nji minutynda Gurbanguly Aşyrow “Bagtyýarlyk” toparyny 1:0 hasabynda öňe çykardy. Şondan 7 minut soň Myrat Annaýew hasaby deňledi, toparlar 1:1 hasabynda arakesmä çykdylar. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň 3-nji minutynda M.Annaýew ikinji pökgini geçirip, “Ahala” 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi. 3-nji orun ugrundaky duşuşykda “Deňizçi” we “Galkan” 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. 11 metrlik ugrularda 2:1 hasabynda “Deňizçi” ýeňip, bürünç medala eýe boldy. Türkmenistanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde Mülkaman Annagulyýew (“Ahal”), iň gowy hüjümçisi diýlip Watan Ataýew (“Bagtyýarlyk”) ykrar edildi. Iň köp pökgi geçirenleriň bäsleşiginde 12 pökgi bilen Öwezbaý Muhammetmyradow tapawutlandy. Futzal boýunça Türkmenistanyň birinjiligine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan jemi 8 topar gatnaşdy. Tamamlanan ýaryşlar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümine dalaşgärleri gözden geçirmäge mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow