Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda iri halkara sport ýaryşy tamamlandy
Sport
Aşgabatda iri halkara sport ýaryşy tamamlandy
Çap edildi 09.06.2023
1256

Şu gün paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda bäş günläp dowam eden sport ýaryşynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş ýygyndy toparlary diňe bir altyn medal üçin däl-de, eýsem, Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga iki ýollanmany eýelemek ugrunda hem göreşdiler.

Sport ýaryşynyň soňky netijeleri we baýraklaryň eýeleri ýaryşyň jemleýji gününde mälim boldy. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda Gazagystanyň ýygyndy topary özbegistanly garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňip, birinji orna mynasyp boldy. Özbegistanyň ýygyndy topary bolsa ikinji orny eýeledi. Täjigistanyň toparyny şu hasap bilen ýeňen gyzlar ýygyndy toparymyz bürünç medala eýe boldy. Ildeşlerimiz täjigistanly bäsdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda ynamly ýeňiş gazandylar. Ýekelikde we jübütleýin geçirilen duşuşyklaryň hiç haýsynda-da olar garşydaşlaryna utuk gazanmaga mümkinçilik bermediler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde ýaş tennisçiler Aýlar Kakabaýewa, Anna Ponýatowa we Näzli Hudaýgulyýewa sport ýaryşynyň bürünç medalyna eýe boldular.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda dartgynlylyk we şowhun sport ýaryşynyň soňky pursadyna çenli dowam etdi. Oglanlar ýygyndy toparymyz Özbegistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başaryp, netijede, sport ýaryşynyň kümüş medalyny eýeledi hem-de Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma eýe bolmaga mümkinçilik aldy. Munuň üçin biziň ýygyndy toparymyza täjigistanly garşydaşlaryny ýeňmek, Özbegistanyň toparynyň hem gazagystanly garşydaşlaryndan utulmagy zerurdy. Garaşylyşy ýaly, ugurdaş geçirilen oýunda gazagystanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, altyn medaly gazandylar. Bu bolsa ildeşlerimiziň ikinji orna bolan mümkinçiligini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň şägirtleri oýna aýgytly girişdiler. Ýekelikde geçirilen ilkinji duşuşykda ildeşimiz Aly Geldiýew Ahmad Wositowdan 6:2, 6:1 hasabynda üstün çykdy. Ýekelikde geçirilen ikinji oýunda ildeşimiz Süleýman Hudaýberdiýew garşydaşy Alijon Mirzoýewi 6:0, 6:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Jübütleýin duşuşykda ildeşlerimiz Aly Geldiýew we Nazargeldi Amangeldiýew Alijon Mirzoýewi we Ahmad Wositowy 6:1, 6:1 hasabynda ýeňdiler. Şeýlelikde, ildeşlerimiz tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ilkinji gezek kümüş medaly gazanmagy başardylar we Aziýanyň ýaryşynyň jemleýji tapgyryna çykdylar. Üçünji orna Özbegistanyň ýygyndy topary mynasyp boldy.

Türgenlerimiziň bu üstünligi sportuň ösdürilmegi babatda ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işleriň netijesidir. Döwlet we halkara ähmiýetli birnäçe iri sport taslamalarynyň başyny başlan, sporty milli ýörelge hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary esasynda Diýarymyz iri sport çäreleriniň ýygy-ýygydan geçirilýän ýerine öwrülýär. Şeýle derejedäki iri ýaryşy geçirmek ýurdumyz üçin uly jogapkärçilik bolup, halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistan bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň umumy pikirine görä, Aşgabat diňe bir sebit ýaryşyny däl-de, eýsem, Aziýanyň tennis federasiýasynyň iri ýaryşlaryny guramaga hem mynasyp sport merkezidir. Munuň üçin bu ýerde ähli şertler, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap sport desgalary bar. Ýaryşy guraýjylar oňa gatnaşyjylar üçin ýurdumyzyň taryhy, halkymyzyň medeni mirasy we däp-dessurlary, milli tagamlary, ak şäherimiz Aşgabadyň gözel ýerleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän baý medeni maksatnama taýýarlapdyrlar.

Ýaş tennisçileriň halkara sport ýaryşy üstünlikli geçirildi. Bu barada sport ýaryşynyň ýapylyş dabarasynda Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň wekilleri hem bellediler.

Aziýanyň tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Iroda Tulýaganowa ýapylyş dabarasyndaky çykyşynda: “Merkezi Aziýanyň çempionaty dünýä ölçeglerine laýyklykda geçirildi. Ýaryşy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin örän uly tagallalar edilipdir. Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine sportuň ösdürilmegine berýän uly ünsi üçin hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine, Milli olimpiýa komitetine, Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna hoşallygymy bildirýärin” diýip belledi. Şeýle-de ol: “Sportuň tennis görnüşinde siziň örän uly mümkinçilikleriňiz bar. Siz dünýä arenasyna çykýarsyňyz. Türkmenistanyň ýetginjekler topary şu gün ilkinji gezek ikinji orny eýeledi we Aziýanyň çempionatyna çykmagy başardy” diýip belledi.

Soňra tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýeňijilerine Halkara tennis federasiýasynyň medallary we güwänamalary, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýlelikde, hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyran we şatlyk paýlan tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy tamamlandy. Bu sport ýaryşy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň halkara derejeli iri sport ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge ukyplydygynyň nyşany bolup, ähli ildeşlerimiziň buýsanjyny has-da artdyrdy.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
01.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
30.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.04
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
30.04
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär
30.04
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi
30.04
Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow