Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
Çap edildi 29.05.2023
1619

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň baştutanlygyňyzda Türkiýäniň durmuş-ykdysady ulgamda täze sepgitlere ýetmek, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ýolunda ösüşleri ynamly dowam etdirjekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlara uzaýan mizemez dost-doganlyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny nygtap, häzirki wagtda giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkiýe Respublikasynyň gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow