Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda halkara demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar
Jemgyýet
Türkmenistanda halkara demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar
Çap edildi 15.05.2023
1884

Şu gün paýtagtymyzda Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň bu Ylalaşygy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan XXXIV mejlisi geçirildi. Bu resminama halkara demir ýol üstaşyr ulgamy boýunça ýükleri daşamak üçin bir bitewi düzgüni we nyrhy esaslandyran onlarça ýurduň arasyndaky ylalaşyk bolup durýar.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjandan, Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Moldowadan, Çehiýadan, Täjigistandan, Russiýadan, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetinden, şeýle hem bu gurama goşulan kärhanalardan — “OTKL ERA” paýdarlar jemgyýetinden, “STM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetden, “PLASKE” paýdarlar jemgyýetinden wekiller gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän forumynyň gün tertibine guramanyň demir ýollaryň Baş direktorlar konferensiýasynyň XXXVII we Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň XXXIII mejlislerinde kabul edilen çözgütler hakyndaky maglumat, demir ýol ulagy boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Foruma gatnaşyjylara ýüzlenmede bu çäräniň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wajyplarynyň biri hökmünde ykrar edilen we Ýewropadan Aziýa ýurtlaryna ýük gatnawlary babatda strategik hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýeti hem-de möhümdigi barada aýdylýar. Gün tertibine girizilen meselelere garalmagynyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük gatnawlarynyň möçberiniň hem-de görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenilýär.

Ulagyň bu görnüşiniň wajypdygyny nazara almak bilen, uzak aralyga iri möçberli ýükleri daşamak wezipesini ýerine ýetirýän demir ýol pudagynyň ösdürilmegi ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini we yzygiderli ösdürilmegini esasy ugur edinýän döwlet ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşendigini nazara alyp, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen syýasatyna möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulgamy düzümleriniň sazlaşykly ösmegi we sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň wajyp ugruny özünde jemleýär. Ýurdumyz guramanyň binýadynda maglumat tehnologiýalaryny alyşmak, ylmy-tehniki we ekologik meseleler babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.

2022-nji ýylyň maýynda Türkmenistan Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga goşuldy. Munuň özi ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini, nyrh baradaky maglumatlaryň öwrenilmegini, demir ýol üstaşyr ulag gatnawlaryň çäginiň giňeldilmegini şertlendirýär. Bu gezekki duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň örän wajypdygyny belläp, çykyş edenler demir ýol hem-de logistika ýaly geljegi uly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy we durnukly ösüş şertlerinde goşulyşmak ýagdaýynyň möhüm şerti bolup durýar.

Foruma gatnaşyjylar türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik we duşuşygyň netijeli ýagdaýda geçmegi ugrunda amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we bu gezekki duşuşygyň özara düşünişmek esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň wekilleriniň mejlisiniň üç günlük işiniň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mundan başga-da, Halkara demir ýol üstaşyr nyrhlary baradaky Ylalaşyga gatnaşyjy taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine onuň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Aşgabatda bolmagyň çäklerinde myhmanlar üçin gezelençler we medeni maksatnama göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
08.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy
08.09
Halk Maslahaty - Türkmenistanyň milli jebisliginiň nyşany
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
06.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.09
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
06.09
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
top-arrow