Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Resmi
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Çap edildi 28.04.2023
3057

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň Müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda:

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna daşary ýurtlaryň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň degişli raýatlaryny kabul etmek;

— Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ХIV mejlisini 2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama”, şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy, şeýle hem Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow