Baş sahypa
\
Sport
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Sport
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Çap edildi 07.04.2023
3397

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Asylly däbe görä, milli senenamamyzda orun alan bu sene dünýäde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işinde halkara jemgyýetçilik bilen raýdaşlygyny görkezýän Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, her bir raýatyň abadan we döredijilikli durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda türkmenistanlylaryň saglygynyň berkidilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki ugurdaş maksatnamalar, şäherlerde we obalarda degişli düzümi kämilleşdirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sport düzümine degişli desgalaryň bolmagy Türkmenistanda täze ilatly ýerleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, mekdebe çenli edaralaryň, umumy bilim berýän mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň taslamalary düzülende hem-de olar gurlanda bildirilýän hökmany talapdyr.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan sport mekdepleri bina edildi. Bu ugurda hünär derejeli işgärler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda taýýarlanylýar. Ýöriteleşdirilen desgalaryň toplumy Aşgabatda ýerleşen köpugurly Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýär. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bedenterbiýe we sport, hususan-da, onuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin oňyn mümkinçilikler döredildi. Bir söz bilen aýdylanda, türgenleşikleri hem-de ýaryşlary geçirmek, ýokary hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýelemek, Olimpiýa ätiýaçlygyny döretmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak sagdynlygyň, dürli keselleriň öňüni almagyň iň oňat serişdesidir. Bu ugurda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen beýleki düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şu gün — 2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde BSGG-niň 75 ýyllyk senesini belleýändigini bellemek gerek. Şu gezekki baýramçylyk “Saglyk hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçýär. Ýurdumyz dünýäde ynsan saglygyna uly zyýan ýetirip biljek az hereketli durmuş endikleriniň gerimini azaltmak üçin hereketleri işjeňleşdirmek boýunça BSGG-niň howandarlygynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bu babatda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän yzygiderli çäreleri adamlaryň abadançylygy hem-de ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde ekologik ugur bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Ynsan saglygynyň daşky gurşawyň ýagdaýy bilen özara baglanyşyklydygy jedelsizdir. Ýurdumyz toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny durmuşa geçirip, möhüm wezipeleri çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda Ýer ýüzüniň ekologiýasyny gowulandyrmaga anyk goşant hökmünde welosiped sürmek medeniýetini ösdürmek wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän sport çäreleri hem wagyz-nesihat wezipesini ýerine ýetirýär.

...Ir bilen welosipedli ýörişiň başlanýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň ýanynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary ýygnandylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem bar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyp ýaşlar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar, jemgyýetçiligiň wekilleri bar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary ajaýyp aýdym-sazly, tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşýanlaryň kerweniniň başyny çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzy bilen hemmeler paýtagtymyzyň giň şaýollaryndan geçýän ugur boýunça sazlaşykly herekete başladylar.

Welosiped daşky gurşawa hiç hili zyýan ýetirmeýän, ekologik taýdan arassa ulag görnüşi hökmünde ykrar edilendir. Şeýlelikde, adamlar ony hereket, gezelenç we syýahat edilýän sport enjamy hökmünde saýlap alyp, öz saglyklaryny üpjün etmek bilen birlikde, ekologiýanyň has-da sagdynlaşmagyna-da ep-esli derejede kömek berýärler. Häzirki döwürde köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň we dürli ekologik çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyrylan şol däpler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynda mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmenistanlylar tarapyndan biragyzdan goldanylan bu ajaýyp däpleriň halkara derejede-de giňden makullanylandygyny bellemek gerek. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasyny hem-de “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany görkezmek bolar. 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylan “Welosiped” binasy paýtagtymyzyň ajaýyplyklarynyň birine öwrüldi. Şeýle hem 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň” hem-de “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň” geçirilendigini bellemek gerek. Bu çäreleriň ikisi-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

...Şol pursatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweni paýtagtymyzyň owadan şaýollary boýunça hereketini dowam edip, şäher gözelligine sazlaşykly goşulýar. Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp ýerleri, ir säheriň jana şypaly arassa howasy, Aşgabadyň haýran galdyrýan görnüşleri, ak mermerli ajaýyp binalar, giň şaýollar, suw çüwdürimleri, seýilgähler we gülzarlyklar gözüňi dokundyryp, ruhuňy göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar, watançylyk duýgyňy güýçlendirýär.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy we onuň döredijilikli syýasatyny, parahatçylygyň, dostlugyň nyşany hökmünde sporty wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlar çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Hemişe bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda saglyk üçin möhüm ähmiýete eýe bolan sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny tassyklap, şahsy göreldesi bilen beden we sport taýdan ýokary derejede taýýarlygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolmak bilen, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hemişe wagt tapýar. Munuň özi ynsanyň beden taýdan sagdynlygyna oňaýly täsir edýär, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, durnuklylyk we ýokary jogapkärçilik ýaly häsiýetleriň ýüze çykmagyna ýardam berýär.

Welosiped sporty barada aýdylanda, ol tutuş dünýäde ir döwürden bäri giňden ýaýrandyr. 1896-njy ýylda sportuň bu meşhur görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Türkmenistanda hem welosiped sportunyň uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda depginli ösüşe eýe boldy. Onuň muşdaklarynyň sany yzygiderli artýar.

Welosiped sporty bilen meşgullanmaga çagalaryň we ýaşlaryň barha köpüsiniň çekilýändigini bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, olaryň zehinleriniň we ukyplarynyň açylmagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy üçin oňaýly şertler döredildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylky baýramçylyk çäresine-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de Döwletliler köşgüniň çagalary, mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary goşuldylar. Ýaş türgenler şeýle çärelere hemişe hyjuw bilen gatnaşyp, welosiped sürmekde ussatlyklaryny, çalasynlyklaryny görkezýärler.

Ekologiýa baradaky meselä gaýdyp gelip, Türkmenistanda bu ugurdaky meseleleri hem-de wezipeleri çözmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini nygtamak gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bagy-bossanlyga büremek strategiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda her ýyl mähriban Watanymyzy gök baglyga öwürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilýär. Şonuň netijesinde, paýtagtymyzda, welaýatlarda, olaryň töwereklerinde gök zolaklaryň meýdançalary giňeldilýär. Döredilýän seýilgähler we seýilbaglar, tokaý zolaklary ýerli howanyň ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem olar yssy günlerde salkyn howany emele getirýär, aýazly günlerde bolsa güýçli sowuk ýellerden ygtybarly goraýar, tozanlary özünde saklap galmak wezipesini ýerine ýetirip, ilatly ýerlerde sesleriň derejesini peseltmäge ýardam edýär.

18-nji martda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli nobatdaky ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi. Ählihalk bag ekmek dabarasy Köpetdagyň etegindäki gözel tebigy künjekde ýerleşen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherinde-de guraldy. Bu asylly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Umuman, 2023-nji ýylda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler tarapyndan Aşgabatda, onuň töwereklerinde, welaýatlarda 3 million düýp agaç nahalyny oturtmak meýilleşdirildi.

Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, şäheri mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, arassaçylygy nusgalyk ýagdaýda üpjün etmek, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, baglara talabalaýyk ideg edilmegini gazanmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Bu ugurda Aşgabatda we welaýatlarda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde tebigatda maşgala bolup dynç almak we gezelenç etmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda welosipediň artykmaçlygy aýdyňdyr. Çünki ol ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir, sürmekde ygtybarly we ýeňildir.

Welosiped adam üçin ulagyň ekologik görnüşi bolmak bilen birlikde, bedeni sagdyn ýagdaýda saklamak üçin hem köpugurly trenažýordyr. Ony sürüp barýan mahalyňda myşsalaryň dürli toparlary hereket edýär. Bu bolsa tutuş bedeniňi kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik berýär. Welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler maddalaryň çalşygynyň tizleşmegine, gan aýlanyşygynyň gowulanmagyna, bedeniň umumy çydamlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şeýle hem welosipedi yzygiderli sürmek artykmaç kaloriýadan halas bolmaga, gan basyşyny durnuklylaşdyrmaga, sussupesligi aýyrmaga, umuman, kesele garşy durnuklylygy berkitmäge kömek edýär.

Bularyň ählisi özüňi oňat duýmagy we sagdynlygyň özboluşly deňagramlylygyny, adamyň beden hem ruhy kuwwatynyň sazlaşykly utgaşmagyny şertlendirýär. Welosiped ýylyň islendik döwründe açyk howada wagtyňy gyzykly geçirmäge, ähli maşgalaň, dostlaryň bilen gyzykly gezelençleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, köp ýurtlarda ol dürli gezelençler üçin, şol sanda işe gitmekde we öýüňe gaýtmakda ulag serişdesi hökmünde giňden ulanylýar. Häzirki döwürde tutuş dünýäde welosipedli syýahatçylygyň meşhurlygy barha artýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler üpjün edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, olaryň işine hemmetaraplaýyn ýardam berip, dünýäde mizemez ynsanperwer gymmatlyklary berkarar etmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşandyny goşýar.

Soňky ýyllarda Aşgabat sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli merkezi hökmünde ykrar edilip, sebit we dünýä derejeli iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýaryşlaryň maksatnamasyna sport toplumynyň ýöriteleşdirilen desgalarynyň biri bolan ajaýyp üsti ýapyk welotrek binasynda geçirilen welosipedli bäsleşikler girizildi. Bu ýöriteleşdirilen desga ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär. Bu bolsa halkara derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem Aşgabadyň welotreginiň binýadynda welosport boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary türgenleşikleri geçip, jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýär.

2018-nji ýylda Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Şeýle derejedäki çäreleri kabul etmek abraýlydyr hem-de örän jogapkärlidir. Aşgabat bolsa özüne ynanylan möhüm wezipä abraý bilen hötde gelip, Türkmenistanyň ägirt uly sport hem-de parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny görkezdi. Türkmenistanly türgenler döwletimiziň aladasyna we berýän goldawyna mynasyp jogap berip, halkara ýaryşlara gatnaşmak bilen, ajaýyp netijeleri gazanýarlar. 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz P.Gurýewanyň gazanan üstünligi milli sportuň taryhynda uly waka öwrüldi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Häzirki wagtda biziň ýaşlarymyz hokkeý hem-de figuralaýyn typmak ýaly sportuň gyşky görnüşlerini-de üstünlikli özleşdirýärler, munuň üçin hemme degişli düzümler bar. Şeýle-de sportuň beýleki, şol sanda Olimpiýa maksatnamasyna girýän gyşky görnüşleri bilen meşgullanmagyň hem geljegi uludyr. Bularyň ählisi ýurdumyzyň türgenlerini öz ussatlyklaryny kämilleşdirmäge, täze ýeňişleri gazanmaga iterýär. Türkmenistanyň kuwwatly sport döwleti hökmünde dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär.

...Welosipedçileriň toparlary barýan ugurlaryny Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça Aşgabadyň merkezine tarap dowam etdi. Giň gerimliligi hem-de binagärlik keşbiniň özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan paýtagtymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalarynyň, şeýle-de Aşgabadyň özüniň dünýä boýunça ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi aşgabatlylaryň hem-de ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi.

...Şol pursatda Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem bagtyýar we sazlaşykly durmuş dowam edýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde ir säherden emele gelen ruhubelentlik ýagdaýy hemmelere şähdaçyklyk, güýç-gaýrat peşgeş berdi.

Aşgabadyň merkezinde — Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar pellehana geldiler. Bu sport-ekologik çäresi jemgyýetimiziň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň sagdyn durmuş ýörelgelerine, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygynyň ýene bir özboluşly nyşanyna öwrüldi. Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň nyşany bolmak bilen, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý, giň gözýetimli, häzirki zaman bilimlerine eýe bolan ýaş nesli terbiýelemek işinde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişe gatnaşyjylara berk jan saglyk, üstünlik arzuw etdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guraldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzda hem-de sebitlerde geçirilen köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we sagdynlyk medeniýetiniň, ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň möhüm bölegi hökmünde halkara sport we ekologik hereketiň ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow