Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda maslahat boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça işlenip düzülen Olimpiýa we beýleki iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri, şeýle hem olaryň tälimçilerini höweslendirmek boýunça Karary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Sport baradaky döwlet komitetiniň, paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, tälimçiler we öňdebaryjylar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, tükmen türgenleri ýyl geldigiçe ýokary netijeleri görkezýärler. Munuň özi bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän müňlerçe ýaşlar üçin ajaýyp nusga bolup durýar. Bu öňegidişlik gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen soňky birnäçe ýylyň dowamynda tutuş ýurdumyzda onlarça häzirkizaman sport mekdepleri we sport toplumlary guruldy. Merkezi Aziýa deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ýene bir ýyla golaý wagtdan ol ýerde Türkmenistanyň taryhynda iň uly sport wakasy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Yklym derejesindäki bu ýaryş diňe bir Aziýa ýurtlaryndan däl-de, eýsem Okeaniýadan hem ýygyndy toparlary özünde ýygnar. 60-dan gowrak ýygyndy toparlaryň gatnaşmagynda geçiriljek bu ýaryş halkara sport hereketiniň taryhynda ilkinji gezek şeýle uly wekilçilige eýe bolýar. Maslahata gatnaşanlaryň pikirine görä, öňde duran Aziada-2017-de üstünlik gazanmak üçin türkmen türgenlerine iri ýaryşlara yzygiderli gatnaşmak zerur bolup durýar. Şeýle hem türgenleri ýokary netijeleri görkezmäge höweslendirmek ulgamy hem möhüm bolup durýar. Şonuň üçin hem ýokarda agzalan resminama ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly ýardam eder. Adamyň mümkinçiliklerini artdyrmak häzirki zamanda jemgyýetiň ösüşine uly itergi berýän görkeziji bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleri hem adamyň saglygyny gorap saklamagyň, uzak ýaşamagyny üpjün etmegiň, ahlak ýörelgelerini saklamagyň, ýokary sport netijelerini görkezmek üçin zerur bolan üstünlik gazanmaga erk-ygtyýary terbiýelemegiň ygtybarly usuly bolup durýar. Köpçülikleýin sport geljekki çempionlary taýýarlaýar. Bu görelde ýaşlary özlerinde täze mümkinçilikleri açmaga, güýçli bolmaga, saglyklaryny berkitmäge, şol sanda ýaramaz endiklerden daşlaşmaga höweslendirýär. Sport bilen meşgullanýan adamlaryň sany gitdigiçe köpelýär. Olaryň köpüsi sport bilen meşgullanmagyň saglyk üçin peýdaly bolanlygy sebäpi sport bilen meşgullanýan bolsalar, has ezberleri ýokary görkezijileri gazanmak üçin sport bilen meşgullanýarlar. Jemgyýetiň öz-özüni kämilleşdirmegini amala aşyrýan bu täsirli gural, ýurdumyzda sporta hem-de ony giňden wagyz etmäge, zerur infrastrukturany ösdürmäge. türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga hem-de olara goldaw bermäge iri maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi netijesinde üstünlikli hereket edýär. Muny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli we köpçülikleýin sporty ösdürmek hem-de ony goldamak, häzirkizaman sport desgalaryny gurmak, halkara derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden meşhur türgenleri hem-de olaryň tälimçilerini höweslendirmek ugrunda edýän tagallalary hem görkezýär. Bu köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli we erjellik bilen geçirilýän işiň netijeleri aýdyň görünýär. 2015-nji ýylda türkmenistanlylar halkara ýaryşlarynda 345 medal gazanan bolsalar, häzirki wagtda, heniz 2016-njy ýyl tamamlanmanka, bu görkezijini has ýokarlandyrdylar hem-de iri halkara ýaryşlarynda 581 medal gazandylar. Bu bolsa geçen ýylky görkeziji bilen geňeşdirilende 168 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleriniň sanynyň artmagy hem dowam etdi. Şeýle çäreler ýokary derejeli sportuň binýadyny düzýär. Geljekde halkara derejesinde gazanyljak şeýle uly sport üstünlikleri has hem artap. Çünki Türkmenistan şeýle ýokary derejeli ýaryşlary indi gitdigiçe ýygy-ýygydan kabul edýär. Ol ýaryşlary geçirmek üçin iň oňat şertler döredilýär. Tomaşaçylaryň arasynda höküm sürýän şatlyk-şowhun hem-de türgenlere edilýän goldaw ýokary netijeleriň görkezilmegine ýardam edýär. Sportuň milli görnüşleriniň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe bolmagy, Watanymyzyň sport abraýynyň ýokarlanmagyna ýarmdam edýär. Bu babatda türkmen göreşini mysal getirmek bolar. Ýeri gelende aýtsak, sportuň bu görnüi hem Aşgabatda geçiriljek Aziadanyň maksatnamasyna girýän sport görnüşleriniň sanawyna goşuldy. Maslahatyň barşynda milli Liderimiziň dünýä derejesinde ýaryşlarda ýeňiş gazanandygy üçin türkmen türgenlerini birnäçe gezek sylaglandygy nygtaldy. Munuň özi soňraky ýaryşlarda türgenlerimiziň gujur-gaýratyny görkezip, uly üstünleri gazanmagyna getirdi. Ildeşlerimiziň ýaňy-ýakynda gazanan sport üstünlikleri hem bellenildi. Belarusuň paýtagty Minskide teakwandonyň ITF görnüşi boýunça GDA-nyň açyk kubogy—dünýä kübogy geçirildi. Ol ýerde türkmen türgenleri 4 altyn, iki kümüş we üç bürünç, jemi 9 medala eýe boldular. Kazanda (Russiýa) bolsa ýaňy-ýakynda taýboksy boýunça Dünýäniň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda ildeşlerimiz 6 medala—bir kümüş, bäş bürünç medala mynasyp boldular. Ýene iki günden Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda iri halkara ýaryşy – 8-12-nji dekabr aralygynda jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler. Sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem bu ýaryş türkmen türgenlerine taýýarlygyň ýene bir tapgyry hökmünde hyzmat eder, şeýle hem bu ýaryşda milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi kesgitlener.