Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň birine mynasyp boldy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň birine mynasyp boldy
Çap edildi 28.11.2016
1486

Prezident Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň birine—“GazyMohammadAkbarHan” Döwlet medalyny gowşurdy. Bu sylag Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň ahyrky nokady—Owganystandaky Akina bekediniň açylyş dabarasynyň barşynda gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Akina bekedine türkmen-owgan serhedinden otluda geldiler, ol ýerde geçirilen dabaranyň barşynda döwlet baştutanlary polat ýoluň “altyn sepini” berkidip, täze polat ýoly işe girizdiler. Türkmenistanyň Atamyrat şäherinden Owganystanyň Akina şäherine çenli demir ýol bölegi hem-de degişli düzümler ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan çekildi. Uzynlygy 88 kilometre deň bolan polat ýoluň ugrunda degişlilikde 256 we 363 metr uzynlykdaky iki sany iri köpri bina edildi. Gülüstan we Ymamnazar demir ýol menzilleri, täze stansiýalar hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly beýleki desgalaryň birnäçesi guruldy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow