Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Täze demir ýol boýunça Owganystanyň Akina şäherine ilkinji ýük otlusy ugrady
Syýasy habarlar
Täze demir ýol boýunça Owganystanyň Akina şäherine ilkinji ýük otlusy ugrady
Çap edildi 28.11.2016
1799

Transmilli polat demir ýolunyň-- Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çäklerine 46 wagondan düzülen otly dostlukly goňşy ýurda un, däne, sement, karbamid we kükürt elter. Bu wakanyň öň ýanynda türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaraly çäräniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda täze polat ýoluň “altyn sepini” berkitdiler. Türkmenistanyň Atamyrat şäherinden Owganystanyň Akina şäherine çenli demir ýol bölegi hem-de degişli düzümler ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan çekildi. Uzynlygy 88 kilometre deň bolan polat ýoluň ugrunda degişlilikde 256 we 363 metr uzynlykdaky iki sany iri köpri bina edildi. Gülüstan we Ymamnazar demir ýol menzilleri, täze stansiýalar hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly beýleki desgalaryň birnäçesi guruldy. Täze demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda badalga berlipdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow