Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Täze halkara polat ýolunyň birinji nobatdakysynyň “altyn sepi” birikdirildi
Syýasy habarlar
Täze halkara polat ýolunyň birinji nobatdakysynyň “altyn sepi” birikdirildi
Çap edildi 28.11.2016
1465

Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň “aliyn sepi” birkidirildi. Türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani täze polat ýoluň “altyn sepini” berkitdiler. Transmilli polat ýolunyň -- Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çägine 46 wagondan düzülen otly ugrady. Ondaky ýük--un, däne, sement, karbamid we kükürt. Bu wakanyň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-owgan serhedinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ibermek boýunça täze “Ymamnazar” terminalyny açdy. Onuň kuwwaty 540 müň tonna deňdir, nebit önümleri demir ýol boýunça terminala getiriler, soňra bolsa eksporta ibermek üçin ýörite awtomobillere ýükleniler. Türkmenistanyň Atamyrat şäherinden Owganystanyň Akina şäherine çenli demir ýol bölegi ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan çekildi. Uzynlygy 88 kilometre deň bolan polat ýoluň ugrunda degişlilikde 256 we 363 metr uzynlykdaky iki sany iri köpri bina edildi. Gülüstan we Ymamnazar demir ýol menzilleri, täze stansiýalar hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly beýleki desgalaryň birnäçesi guruldy. Täze demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda badalga berlipdi. Türkmenistan geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, üstaşyr-ulag çatrygy hem-de yklymyň logistika merkezi hökmünde bu ulgamda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi ugur edinýär. Halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy birnäçe döwlet we hökümet baştutanlarynyň, dünýäniň iri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 26-27-nji noýabrda Aşgabatda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň yz ýany geçirildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow