Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 26.11.2016
1202

Aşgabat, 26-njy noýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň çäklerinde forumyň hormatly myhmany bolan Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf bilen duşuşdy. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, häzirki Aşgabat duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklyk bildirdi hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesini we onuň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary barada geçirilen pikir alyşmalaryň örän netijeli bolandygyny belledi. Bu ulgam häzir dünýä ykdysadyýetiniň strategik ugurlarynyň biri hem-de ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmana häzirki foruma Awstriýanyň uly wekilçilikli gatnaşýandygy we döwrüň möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şol sanda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek boýunça türkmen tarapynyň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylygy, syýasy durnuklylygy hem-de dünýäniň halklarynyň bähbidine durnukly ykdysady ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlaryny goldamakda we öňe ilerletmekde mundan beýläk-de işjeň orny eýelär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnawlarynyň çatrygynda örän amatly geografik ýagdaýda ýerleşmek bilen Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir. Türkmenistan şol kuwwatyny mundan beýläk-de doly derejede peýdalanmaga çalşar. Başy başlanan uly möçberli taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň ugurlary boýunça üstünlikli ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, iki ýurduň ilkibaşdan deňhukuklylyk, hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara ymtylmalaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bitirilen işleriň birnäçesi, şol sanda bilelikläki Türkmen-awstriýa toparynyň döredilmegi, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlaryny hem-de bilelikdäki täze taslamalary gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga gönüden-göni ýardam edýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň we işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli esasda geçirilmegi muňa şaýatlyk edýär. Işewür gatnaşyklar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Muňa däbe öwrülen Aşgabatda geçirilýän Wena baly, bilelikdäki konsertler, Awstriýanyň paýtagtynyň iň oňat konsert zallarynda türkmen sazandalarynyň çykyşlary, dürli tanyşdyrylyş dabaralary, döredijilik duşuşyklary, operalar we beýleki medeni çäreler şaýatlyk edýär. Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde türkmen talyplaryny Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň mümkinçilikleri barada teklipler aýdyldy. Umumy pikire görä, syýahatçylyk ulgamynda, aýratyn-da, Hazaryň kenar ýakasynda döredilýän ösen dynç alyş düzümi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy nazara alnyp, hyzmatdaşlyk etmek üçin uly geljek açylýar. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow we Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf birek-birege bagtyýarlyk, hoşniýetlilik we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar hem-de iki tarapyň bar bolan gyzyklanmasynyň iki dostlukly ýurduň uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegine esas boljakdygyna ynam bildirdiler. Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, dostlukly Türkmenistanyň halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Duşuşyga Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýller gatnaşdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow