Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady
Syýasy habarlar
Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady
Çap edildi 26.11.2016
1875

Aşgabatda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär. Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun gatnaşýarlar. Maslahata gatnaşýan wekiliýetleriň baştutanlarynyň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Gruziýanyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy bar. Türkmenistanda şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oňyn başlangçlarynyň ählumumy ykrarnamasynyň nobatdaky subutnamasydyr. Aşgabatda geçirilýän maslahata köp ýurtlaryň hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň - BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Wekilleriň hatarynda ulag ulgamynyň ähli ugurlaryna degişli iri halkara guramalarynyň – awtomobil, howa, demir ýol, deňiz ulaglarynyň, şeýle hem iri halkara maýa goýum, bank we söwda düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow