Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi
Ykdysadyýet
Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi
Çap edildi 29.11.2022
2470

Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylaryň foruma taýýarlyk görlüşi babatdaky habaryny diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň köpugurly, uzak möhletli esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlarynyň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet paýtagtymyza geldi. Türkmen tarapyndan foruma birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi. Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwletimizde daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini we munuň hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňat itergi bolýandygyny nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki işler üçin anyk meýilnamalar kesgitlenildi.

Awstriýa tarapyndan duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi bilen baglylykda, forumyň uly ähmiýetini bellediler hem-de parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň barha artýan gyzyklanmasyny nygtadylar. Türkmen tarapyndan çykyş edenler daşary ýurtly kärdeşlerini ýurdumyzdaky amatly makroykdysady, özüne çekiji maýa goýum ýagdaýy, telekeçiligi ösdürmegiň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryp, döwletimizde amala aşyrylýan we Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna binýat döredýän hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýan özgertmeler barada habar berdiler.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy babatda ylalaşyldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Süýji-köke öndürýän “Balam” hususy kärhanasy bilen “Akras Flavours GmbH” kompaniýasynyň arasynda, şeýle-de Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler toplumy bilen Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň arasynda şertnamalar baglaşyldy.

Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bitewi binýady döretmäge gönükdirilen umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär. 30-njy noýabrda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisiniň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak işi dowam eder.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalara 80 ýyl
23.10
Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
22.10
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
22.10
Halkara nebitgaz forumy: innowasiýalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
22.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
21.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saýlanylan Premýer-ministrini gutlady
top-arrow