Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär
Jemgyýet
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär
Çap edildi 23.11.2022
2694

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Häzirki wagtda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öý bu çäräniň nyşany boldy.

Ýurdumyzyň ilatynyň sany, demografik düzümi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky doly maglumaty almak ilat ýazuwynyň esasy maksadydyr. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň giň gerimli strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin zerurdyr. Çäräniň dowamynda toplanan maglumatlar durmuş ulgamy we ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin çaklamalar, uzak möhletleýin taslamalardyr maksatnamalar işlenip taýýarlanylanda hasaba alnar. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Bu giň gerimli çärä taýýarlyk görmekde we ony geçirmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy onuň aýratynlyklarynyň biridir. Ýazuwyň ähli tapgyrlarynda, şol sanda maglumatlary ýygnamakda, işlemekde we ulgamlaşdyrmakda ugurdaş programma üpjünçiligi ornaşdyrylan döwrebap enjamlar ulanylar. Bu çäre ilata sowal bermek we elektron ýazuw kagyzlaryny doldurmak usuly arkaly geçiriler. Şeýlelikde, sanly format has takyk görkezijileri almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýazuwyň deslapky we gutarnykly netijelerini öz wagtynda, dolulygyna çap etmäge ýardam berer.

Ýazuwa gatnaşjak işgärleri saýlap almak we olary okatmak bu çäräni üstünlikli geçirmegiň aýrylmaz şertidir. Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan welaýat statistika edaralarynyň işgärleri üçin okuw maslahaty guraldy. Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçen forumyň dowamynda ýazuwyň guramaçylyk we usulyýet meselelerine, ýaşaýyş jaýy üçin ulanylýan binalaryň häsiýetnamasy, öý hojalyklaryny hasaba almak ýaly mowzuklaýyn ýazuw kagyzlaryna garaldy. Sanly enjamlary (planşet) ulanmak arkaly öý hojalygynyň her bir agzasy boýunça ýazuw kagyzynyň doldurylmagyna aýratyn üns berildi. Şeýle-de okuw maslahatyna gatnaşan hünärmenler tutuş Türkmenistan boýunça ýazuwa gatnaşýan sanaýjylary okadarlar.

Şeýle çäreleriň geçirilmeginde ilaty talabalaýyk habardar etmek hem möhüm wezipeleriň biridir. “TM CELL” öýjükli aragatnaşyk operatorynyň müşderilerine ýazuwyň möhleti we onuň ähmiýeti baradaky SMS habarlar ugradyldy. Statistika baradaky döwlet komiteti ildeşlerimizi bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýar, oňa taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.

Ýazuw milli statistika ulgamynyň ähli ugurlarynda, şol sanda onuň durmuş-ykdysady ugrunda esasy orun eýeleýär. Meselem, ilat ýazuwy taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhda döwletleriň dolandyryş-çäk gurluşynyň we ösüşiniň wezipeleri bilen baglylykda, aram-aram ilat hasaby ýöredilipdir. Geçen asyrlaryň dowamynda ýazuwyň görnüşi we usullary ep-esli özgerdi. Häzirki günde şeýle jogapkärli çäräniň geçirilmegi her bir ýurt üçin döwlet ähmiýetli işdir. Ilat ýazuwynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmekde häzirki günde innowasion maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we iň gowy dünýä tejribesiniň ulanylmagy möhüm orny eýeleýär. Şu maksatlar bilen, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy, BMG-niň statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda Aşgabada gelen BMG-niň bilermenler toparynyň Türkmenistanyň “Ilat ýazuwy — 2022-ä” taýýarlyk görşüne ýokary baha berendigini hem-de ýurdumyzyň bu çäräni halkara standartlara laýyklykda geçirmäge ygrarlydygyny nygtandyklaryny bellemek gerek. Birleşen Milletler Guramasy şeýle çäreleri on ýylda bir gezekden seýrek geçirmezligi maslahat berýär. Munuň özi ilatyň sany, häsiýetnamalary baradaky möhüm maglumatlary almak üçin gerekdir we jemgyýetiň düzüminde bolup geçýän üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Ilat ýazuwa meýletin gatnaşýar. Emma, şunuň bilen birlikde, her bir ýaşaýjy özüniň jemgyýetçilik ähmiýetine anyk düşünmelidir hem-de raýat jogapkärçiligine eýerip, bu çärä hut özüniň gatnaşmagynyň wajypdygyny ykrar etmelidir. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi ilat ýazuwynyň maksatlaryny we wezipelerini düşündirmäge gönükdirilendir.

Öňümizdäki boljak ilat ýazuwy Türkmenistanyň milli strategik meýilnamalary üçin giňişleýin maglumatlary ýygnamaga, seljermäge we peýdalanmaga, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ylmy taýdan esaslanan syýasy ugry işläp taýýarlamaga, şunuň bilen birlikde, gazanylan netijeleri jemlemäge mümkinçilik berer. Şeýle-de statistiki maglumatlar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli orny eýeleýär, hususan-da, maýadarlara ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady görkezijileri baradaky anyk maglumatlary bermäge mümkinçilik döredýär.

Umuman, 2022-nji ýylda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarda ilat ýazuwyny geçirmek baradaky çagyryşyna jogaby bolup, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyga taýýardygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.


Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow