Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen samboçylary Bişkek şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda altyn we bürünç medallarynyň ikisini gazandylar
Sport
Türkmen samboçylary Bişkek şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda altyn we bürünç medallarynyň ikisini gazandylar
Çap edildi 12.11.2022
4691

Türkmen samboçylary Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde dowam edýän 47-nji Sambo boýunça dünýä çempionatynda altyn we bürünç medallarynyň ikisine mynasyp boldular.

Halkar ýaryş, sport we söweş sambosynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda 21 agram derejesinde iň güýçli diýen ugurda göreşýän 50-ä golaý döwletden 400-den gowrak türgen ýygnady.

Bäsleşigiň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň esgeri Muhammet Kössekow iň ýokary baýraga mynasyp bolmaga başardy. Bu üstünlige Aşgabatdan gelen 24 ýaşly sport ussady, 64 kilograma çenli agram derejesinde ýetdi.

Ilkinji tutluşykda Muhammet 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe bolan Ermenistanly Maksim Manukýanden, soňra bolsa Bolgariýaly Dimitar Stoýanowden üstün çykmagy başardy . Ýarym finalda ildeşimiz Gazagystan Respublikasyndan 2021-nji ýyldaky Dünýä ýaşlar çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Esentaý Imahanowdan has güýçli çykdy. Finalda bolsa, işjeňligi bilen Azerbaýjan Respublikasyndan Elwin Bagirowy 1:0 hasabynda ýeňmäne başardy.

Muhammet Kössekow ilkinji gezek dünýä çempiony bolýar. Geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda finalda Gazagystan Respublikasyndan Rahat Žanananiýeti ýeňip, altyn medala mynasyp boldy. Ýeňiji tutluşykdan soňra, M.Kössekow Halkara Sambo federasiýasynyň resmi web-sahypasyna beren interwýusynda: «Ýeňiş üçin öňümizdäki dünýä çempionadyna gidern» diýdi. Muhammet häzirki dünýä çempionatynda münberiň iň ýokary basgançagyna çykyp, sözünde durdy.

Zehinli samboçy birnäçe ýyl bäri bu üstünlige taýynlyk gördi. Ol ýaş Olimpiýaçylaryň mekdebinde tälimçi Döwlet Tejenow bilen sport ussatlygynyň esaslaryna düşündi. Soňra, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okaýan ýyllarynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowdan tälim aldy. Häzirki wagtda Muhammet Kössekow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde harby gullugynda we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nurýagdy Mamedow bilen Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport klubynda sambo ussatlygyny kämilleşdirýär.

Şeýle-de şu gün, dünýä çempionatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene bürünç medallarynyň ikisini gazandylar. Bu medallara Türkmenistanyň söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli) we ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Hojamuhammedow (98 kg-dan gowrak) mynasyp bolmaga başardylar.

Soňky habarlar
22.06
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
20.06
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
19.06
Ýurdumyzyň şypahanalary: saglyga peýdaly dynç alyş
19.06
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
top-arrow