Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2022-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2022-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 18.10.2022
3207

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň bellenip geçilen sentýabr aýy hem jemgyýetçilik-syýasy we işewürlik babatda, aýratyn-da, halkara gatnaşyklar ulgamynda ýokary işjeňlige eýe boldy. «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilen köp sanly çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mähriban halkymyzyň ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, suw joşmasyndan ejir çeken dostlukly Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, 5-nji sentýabrda Karaçi şäherine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda iberilen ýük baryp gowuşdy. Şol ýük derman serişdelerinden, derman senagaty we dokma harytlaryndan, dürli azyk önümlerinden ybaratdyr.

5-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat güýz paslynyň ilkinji aýynyň möhüm wakasy boldy. Onda daşary ýurtly kärdeşler bilen baglaşylan halkara resminamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de geljekki meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini we özygtyýarly ösüş ýyllarynda amala aşyrýan parahatçylyk dörediji syýasatyny giňden wagyz etmäge, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda dürli ýurtlardan bolan hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Daşary ýurtly gatnaşyjylar — iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriň, teleradiokompaniýalaryň, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň işini bellediler. Şonuň netijesinde Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler giňişleýin beýan edilýär. Munuň özi tutuş dünýä ägirt uly ykdysady kuwwaty, baý medeniýeti hem-de aýawly saklanýan täsin ruhy mirasy bolan döwlet hökmünde Türkmenistany täzeden açmaga mümkinçilik berýär. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan sergi guraldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, aýratyn-da, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Türki döwletleriň Söwda-senagat edarasy hem-de Medeni we miras gaznasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý bilen geçirilen duşuşykda türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigi hem-de dürli halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtaldy. Şeýle-de energetika, ulag, logistika, medeniýet, bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

7-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Arap Emirlikleriniň “Masdar” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda, hususan-da, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini rejeli ulanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde türkmen wekiliýeti “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” strategik dialogynyň ministrler derejesindäki birinji duşuşygyna gatnaşdy. Onuň esasy maksady sebit howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de energetika, ulag geçelgeleri, logistika, söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlar, medeniýet we ylym ulgamlarynda geljekki gatnaşyklary ýola goýmak boýunça görülmeli çäreler bilen baglanyşykly boldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama hem-de 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy kabul edildi.

Forumyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Oman Soltanlygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Duşuşyklarda halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de dürli ugurlar, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

7-8-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary boldy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Taraplar gatnaşyklary, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk, dokma we derman senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýeňil awtoulaglary, oba hojalyk, durmuş tehnikalaryny bilelikde öndürmäge, ulag-logistika gatnaşyklaryny, şol sanda iki döwletiň çägi boýunça üstaşyr ýükleriň daşalmagyny höweslendirýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge, deňiz portlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly halkara ulag geçelgeleri boýunça ýükleriň daşalmagyna gyzyklanma bildirdiler.

8-nji sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan bin Abdulrahman Al-Marşadyň duşuşygy geçirildi. Onda energetika ulgamynda, gazhimiýa senagatynda, oba we suw hojalygynda, saglygy goraýyşda özara bähbitli maýa goýum hyzmatdaşlygyna degişli meselelere garaldy.

8-9-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşige agza döwletleriň parlamentleriniň zenan ýolbaşçylarynyň “Parlament liderligi: durnuklylygy we abadançylygy has netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri çaklamak” atly mowzuk boýunça 14-nji sammiti geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, BMG, Parlamentara Birleşik, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy ýaly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de 17 ýurduň parlamentleriniň 120-den gowrak wekili gatnaşdylar.

Forumda parlamentleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler, hususan-da, pandemiýa zerarly ýüze çykan çökgünlik ýagdaýlarynda gender deňligini kepillendirmek, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmek, ykdysadyýetleri dikeltmekde zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-13-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparynyň Baku şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Duşuşykda iki döwletiň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

12 — 16-njy sentýabr aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň energetika we infrastruktura ministri, Abu-Dabiniň portunyň Baş ýerine ýetiriji direktory we dolandyryjysy, Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň Baş direktory, “Masdar” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Şeýle hem BAE-niň Raýat awiasiýasynyň baş müdirliginiň Baş direktorynyň orunbasary, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol müdirliginiň ýolbaşçylary, Dubaý şäheriniň hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk müdiriýetiniň Baş direktorynyň orunbasary, BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň dolandyryjylary bilen gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda deňiz, demir ýol, howa ulaglaryny, hususan-da, port düzümini ulanmak bilen bagly meselelere garaldy. Mundan başga-da, biržada awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygy ulgamynda, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda, biržada gymmatly kagyzlary ulanmakda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

13-nji sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Ermenistanyň Türkmenistana gelen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika hem-de oba hojalygy, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

14-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Ösüş maksady bilen işi utgaşdyrmak boýunça müdiriýetiniň sebit direktory hanym Gwi-Ýop Son bilen geçirilen duşuşygyň barşynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyrmak işinde tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

15-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Halkara zähmet kadalary departamentiniň başlygy hanym Dipa Rişikeş ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar ençeme ýylyň dowamynda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn ylalaşyklara goşulmagy bilen bagly meselelere degip geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Zähmet Guramasyna “Türkmenistanda kanunçylyk özgertmeleri: mejbury zähmete ýol bermezlige hem-de gadagan etmäge degişli kanunçylygyň syny” atly resminamany taýýarlandygy üçin hoşallyk bildirildi.

21-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly möhüm strategik taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda döwlet Baştutanymyzyň Permanyna we Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

26-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglow bilen geçirilen duşuşykda türkmen-rus gatnaşyklaryny, hususan-da, infrastruktura we ýol gurluşygy, gämigurluşyk, şähergurluşygy, senagat, energetika, söwda, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 26-njy sentýabrda türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň 2022-nji ýyl üçin ygtyýarly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy ählumumy derejede sanlylaşdyrmak boýunça esasy halkara gurama bolup durýar. Ygtyýarly maslahat her dört ýyldan ýolbaşçylary saýlamak, onuň 4 ýyllyk strategik we maliýe meýilnamalaryny kabul etmek, elektroaragatnaşyk we maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalary ulgamyndaky syýasaty, ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilýär.

Şol gün Polşanyň ÝHHG-de başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilen adam ölçegi boýunça Warşawa maslahatynyň esasy mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýeti Beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň gurallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça kanunçylyk, institusional, administratiw çäreleriň kabul edilýändigi nygtalýar.

25-nji sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk ulgamlarynda, himiýa senagatynda hem-de maliýe-bank pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen dürli ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ahyryna çenli Aşgabatda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

30-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sentýabr aýynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreleriň syny Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan täze üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezýär. Ýurdumyz açyklyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini berkidýär.


Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow