Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Innowasiýalar we halkara hyzmatdaşlyk ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarydyr
Ykdysadyýet
Innowasiýalar we halkara hyzmatdaşlyk ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarydyr
Çap edildi 13.10.2022
1907

Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär.

Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä bazarynda onuň ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekýär hem-de ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň uly islege eýedigini nygtaýar.

Biziň ýurdumyz iri nebitgaz ýataklaryna baýdyr. Şoňa görä-de, iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine, gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän pudaklaryň giňeldilmegine, diwersifikasiýalaşdyrylan turbageçiriji düzümleriň kemala gelmegine, innowasion häsiýetli, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernlerine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maliýe goldawyny bermek hakynda Kararyna laýyklykda, geljek iki ýylyň dowamynda nebitiň goşmaça möçberleriniň çykarylyşyny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna ýakyn ýyllarda tebigy gazyň, nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz ýataklarynda ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, gaz geçirijileri çekmek işleri alnyp barylýar, Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak babatda degişli tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyz pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmeginiň, bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtaýar. Amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertler döredilen Türkmenistan nebitgaz ulgamynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Häzirki güne çenli biziň ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi, durmuş taýdan ähmiýetliligi hem-de ekologik taýdan howpsuzlygy esasy talap bolup durýar.

Deňhukuklylyk, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine daýanýan, iki dostlukly ýurduň we halklaryň milli bähbitlerine, ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar ýangyç-energetika toplumynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň uglewodorod känlerini, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan hem-de ýurdumyzyň öňdebaryjy energetika döwleti hökmündäki derejesini has-da pugtalandyran “Galkynyş” gaz känini özleşdirmäge hytaý kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda türkmen “mawy ýangyjy” Hytaýa iberilýän gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir.

Gatnaşyjylaryň ählisiniň — öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligine esaslanýan XXI asyryň ägirt uly bu taslamasyny ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň berkidilmegine uly goşant diýip hasaplap bileris. Häzirki wagtda “Galkynyş” gaz ýatagynyň ikinji nobatdakysyny özleşdirmek hem-de gaz geçirijiniň dördünji (D) şahasyny çekmek boýunça ýokary derejede ylalaşyklar gazanyldy. Bu gaz geçiriji ulanmaga berlenden soňra türkmen tebigy gazynyň HHR-e iberilýän möçberi ýylda 65 milliard kub metre çenli ýokarlanar.

Tebigy gazyň tassyklanan gorlary babatda Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär hem-de Merkezi Aziýa sebitinde gazy daşary ýurtlara iberýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlary olary dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň möçberini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geoykdysady ähmiýete eýedir. Bu energetika desgasy diňe bir türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň iri döwletlerine uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin kuwwatly binýat bolar. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn-da, Owganystanda parahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.

“Dragon Oil” (BAE), “Petronas” (Malaýziýa), “Eni” (Italiýa) ýaly dünýä belli kompaniýalaryň Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de kenarýaka zolagynda önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň esasynda üstünlikli iş alyp barmaklary ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdeleri özleşdirilýär.

“Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Tatarystan Respublikasy) bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen bu kompaniýa bilen netijeli tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň derejesini saklap galmak maksady bilen, “Goturdepe” ýatagynda nebit çykarylyşyny artdyrmak we guýulary düýpli abatlamak boýunça serwis hyzmatlarynyň berilmegini öz içine alýan goşmaça Ylalaşyk baglaşyldy.

Şeýle-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň pudaklaýyn edaralarynyň bilelikdäki oňyn işlerini bellemek gerek. Şol hyzmatdaşlygyň netijesinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgaz ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň arasynda Şertnama; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-niň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama; birnäçe deňiz ýataklary boýunça “Buried Hill” (Kipr), “ARETI” (baş edara binasy Ženewada ýerleşýär) kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyk bar. “Hazar” konsorsiumynyň düzüminde Gündogar Çeleken ýatagyny işläp taýýarlamaga gatnaşýan “Mitro International” kompaniýasy bilen hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Energiýa serişdelerine barha artýan içerki talaby kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň ýurtda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllarda nebitgaz, nebithimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika, gurluşyk senagatyna degişli iri döwrebap kärhanalar, şol sanda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanalar ulanmaga berildi. Ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli kysymly polipropilen öndürýän Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň gatnaşmagynda gurlan Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawodyň nebit önümlerine isleg barha artýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi bu toplumyň paýyna düşýär. Toplumda ýokary oktanly etillenmedik awtomobil we uçar ýangyjy, yşyk we tehniki kerosin, suwuklandyrylan nebitgaz önümi, dizel ýangyçlarynyň birnäçe görnüşleri, çalgy ýaglary, polipropilen we elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy öndürilýär. 20 — 25 we 30 mikrometr galyňlygy bolan gaplama plýonkalarynyň, süýji-köke gaplanýan dürli galyňlykdaky polipropilen plýonkalaryň önümçiligi ýola goýuldy.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfaty ýaly önümleri öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda geljegiň ýangyjy hökmünde işlenilýän wodorodyň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ykdysadyýetiň innowasion bölegini ösdürmäge, eksportda ýokary goşulan bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan tebigy gazyň has çuň we toplumlaýyn gaýtadan işlenilmegine uly ähmiýet bermek bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna iberýän döwletleriň biri hökmünde ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eksportyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini ösdürmegiň hasabyna bu ugurdaky işiň netijeliliginiň has-da ýokarlanmagyny gazandy.

Pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň ekologik taýdan has arassa çeşmesi hökmünde tebigy gazyň ähmiýeti barha artýar. Biziň döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak babatda binýatlaýyn resminamalaryny, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir.

Şulardan ugur alyp, soňky ýyllarda Türkmenistan energetika howpsuzlygy meselesine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip, öňdebaryjy energetiki döwletleriň biri hökmünde maksada gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Her ýyl geçirilýän duşuşyklar we maslahatlar ýurdumyza bildirilýän uly gyzyklanma şaýatlyk edip, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça şu ýylyň mart aýynda geçirilen halkara forum munuň subutnamasydyr. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, bu forum dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekillerini bir meýdança jemledi. Foruma gatnaşanlaryň wekilçilikli düzümi ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artýandygyny görkezýär. Dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmaklary ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty, deňhukukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklary hem-de energetika ulgamyndaky netijeli başlangyçlary bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy nygtaldy. Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenildi.

Duşuşykda “Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri”, “Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny”, “Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular”, “Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi” ýaly mowzuklar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumdaky çykyşlarda tebigy serişdeleri özleşdirmekde Türkmenistanyň olary rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga, energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda döwletimiziň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine üns berildi. Şol teklipler dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy, BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky degişli Kararnamalary bilen berkidildi.

Aşgabatda geçirilen forumyň “Sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny” atly mejlisi şol bir wagtyň özünde Dubaýda geçirilen “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisindäki ýurdumyzyň sergi bölüminde onlaýn tertipde görkezildi. “Ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly ösdürilmegi we ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy forumda garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, pudaga innowasiýalaryň we soňky işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň, bu ugurda amala aşyrylan tejribe-synag taslamalarynyň, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky taslamalaryň bu möhüm meseläni çözmäge ýardam berýändigi bellenildi. Iri nebitgaz kompaniýalarynyň bilermenleri bu ulgamdaky täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşlary bilen çykyş edip, tejribelerini paýlaşdylar hem-de pudakda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen, onuň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasatyň anyk häsiýete eýe bolmagy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri we amatly maýa goýum ýagdaýy nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Soňky habarlar
26.11
Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
top-arrow