Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň bürünç medallary
Sport
Türkmen söweş sungaty ussatlarynyň bürünç medallary
Çap edildi 17.11.2016
2563

Şu günler Russiýanyň Medyn şäherinde köptaraplaýyn söweş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär, oňa Germaniýadan, Fransiýadan, Finlýandiýadan, Hytaýdan, Ysraýyldan, Eýrandan – jemi 35 ýurtdan türgenleriň 300-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde diňe göreş emellerini peýdalanmak bilen bäsleşilýän görnüş boýunça tutluşyklar geçirildi, onda türkmenistanlylar üç bürünç medala mynasyp boldular. Sporduň bu görnüşiniň kadalaryna laýyklykda türgenler tutluşyga başlamazdan ozal ylgawy, beýik päsgelçilikleri, ýerasty geçelgeleri, el üstünde ýöremegi, pnewmatik ýaragdan atmagy, pyçak zyňmagy we beýlekileri öz içine alýan päsgelçilikli zolaklardan geçmelidirler. Eger-de mergenlik boýunça bäsleşikde türgen dürs atmagy başarmasa, temmi hökmünde zolagy gaýtadan geçmeli bolýar. Tutluşyklar deňme-deň tamamlanan ýagdaýynda, tizlik boýunça görkezijiler arkaly ýeňiji kesgitlenilýär. Ýurdumyzyň toparynyň düzüminde 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip,bürünç medala eýe bolan Şöhrat Orazgeldiýewiň üstünligini ilki bilen bellemelidiris. Medala barýan ýolda ol iki gezek ynamly ýeňiş gazandy – litwaly Aýwaras Galatiltisden we gazagystanly Muraddin Tilekmesowdan üstün çykdy. Ýarym final bäsleşikde Şöhrat päsgelçilikli zolakdan geçmegiň barşynda şikes aldy. Bu bolsa oňa öz başarnygyny doly görkezmäge mümkinçilik bermedi. Ş.Orazgeldiýewiň bu çempionatdaky çykyşynyň halkara derejeli ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşandygyny alamatlamdyrýandygy nazara alnanda, üçünji orun ýokary netijedir. Hajy Möwlamow(75 kilograma çenli) we Serdar Gurbanow (80 kilograma çenli) hem özleriniň ilkinji bürünç medallaryny aldylar. Türgenlerimizi dünýä çempionatyna taýýarlan tälimçi Orazgeldi Orazgeldiýewiň işini hem bellemelidiris. Indi türkmen türgenleri Russiýanyň bu sport toplumynda 18-19-njy noýabrynda geçiriljek köptaraplaýyn söweş boýunça ýene bir dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Bu gezek bäsleşikler nusgawy görnüş boýunça geçiriler, onda göreş tilsimlerini we batly urgular emellerini ulanmaga hem ýol berilýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow