Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Sport
Aşgabatda halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
Çap edildi 17.09.2022
3717

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen türgenleri Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karate-do boýunça geçirilen halkara ýaryşda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistandaky diplomatik gulluklaryň, halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine sport toplumynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Sergide köp sanly türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlarda gazanan medallarydyr kuboklary görkezilýär. Onda ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalary tarapyndan öndürilen ekologik taýdan arassa dürli görnüşli sport egin-eşikleri hem goýlupdyr.

Sergidäki şekillendiriş sungaty eserleridir fotosuratlar Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen iri halkara ýaryşlara bagyşlanypdyr. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça guralan “Ýüpek ýoly — 2009” awtorallisi, “Amul — Hazar” halkara awtorallisi we 2018-nji ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bar.

Türkmenistan ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini durmuşa geçirmekde, parahatçylyk söýüjilik, dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmakda halkara sport hereketiniň ynsanperwer özeni aýratyn ähmiýete eýedir.

Fotokameralar sport ýaryşlarynyň iň tolgundyryjy we ýatda galyjy pursatlaryny surata düşüripdirler. Bu gün bu fotosuratlar ägirt uly diwarlyklarda, bannerlerde ýerleşdirilipdir.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz öz şahsy göreldeleri arkaly ildeşlerimizde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge uly höwes döredýärler. Bu ugurdaky işler “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni hem-de sporty goldamagyň we ösdürmegiň Maksatnamasynda” we beýleki döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir.

Ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda-da sporta aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda: “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ykbalyny sporta baglan ýaş türgenlerimiziň Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny ýokarlandyrýandyklaryny belläp, 2024-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem ýygyndy toparlarymyzyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdyklaryna pugta ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek, bu belent maksada ýetmek türkmen türgenleriniň häzirki günde öz öňlerinde goýan baş wezipesidir. Abraýly halkara ýaryşlarda türgenlerimiziň gazanan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda türkmen türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we olaryň ählisinden diýen ýaly medallar bilen dolanyp gelýärler.

Türgenlerimiziň goňşy Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda, Russiýa Federasiýasynda guralan “Ýüpek ýoly — 2022” halkara ralli-reýdinde, Wladiwostok şäherinde geçirilen “Aziýanyň çagalary” atly VII halkara sport oýunlarynda, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş etmekleri munuň aýdyň mysalydyr.

Asylly däbe görä, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary eýelän türgenler milli sporty ösdürmäge, Türkmenistanyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga goşan goşantlaryny ykrar etmegiň nyşany hökmünde döwlet derejesinde sylaglanylýar.

Şu gün ýurdumyzda sentýabr aýynda dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilen halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenler dabaraly ýagdaýda sylaglanylýar. Şeýlelikde, bu türgenler öz ajaýyp ýeňişlerini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna türkmen halkyna sowgat etdiler.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýaşlaryna ýüzlenip: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär” diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegini türkmen sportunyň ýeňişli ýollarynyň başlangyjy hökmünde belläp, Ýaponiýada ýurdumyz üçin gazanylan ilkinji Olimpiýa medalyny aýratyn nygtady. Türgenlerimiziň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gazanan täze ýeňişleri olaryň barha artýan ussatlygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere döwlet Baştutanymyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ýörite sport egin-eşikleriniň toplumy gowşuryldy.

Şeýle-de halkara ýaryşlarda çykyş edip, baýrakly ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenlerdir tälimçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza türkmen sportunyň ösdürilmegine berýän üns-aladalary, ýeňiş gazanmak ugrunda ähli şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende galdyrmakda mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra sahna 2022-nji ýylda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri bolan türgenler çagyrylýar. Ýeňiş gazanan türgenleriň hormatyna Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

“Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!”, “Arkadagly Serdara şöhrat!” diýip, dabara gatnaşyjylar öz şatlyklaryny beýan edýärler.

Soňra bu ýerde dzýudo, karate-do, sambo, taekwondo, grek-rim we erkin göreş, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda halkara ykrarnama eýe bolan türkmen halkynyň gymmatly mirasy — milli göreş boýunça çykyşlar görkezildi.

Dabara ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy. Olar parahatçylygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzy wasp etdiler.

Soňky habarlar
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
01.12
2022-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
30.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi
30.11
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
30.11
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
30.11
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat