Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi
Ykdysadyýet
Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi
Çap edildi 14.09.2022
3263

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler.

Pagta ýygymynyň öňüsyrasynda welaýat häkimliginde guralan iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereketi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

Bellenilişi ýaly, meýdan işleriniň sazlaşykly hem-de bökdençsiz alnyp barylmagyny ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary üpjün eder. Hasyly daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň uly toplumy hereket eder. Kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalar gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlarlar.

Pagta ýygymyna başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler, kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.

Hormatly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerinde rowaçlyk hem-de ähli türkmen halkynyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edip, “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdiler.

Soňra baýdaklar bilen bezelen, üsti doly “ak altynly” awtoulaglar hem-de tirkegli traktorlar Köneürgenç etrabynda ýerleşýän, pagtany gaýtadan işleýän kärhana tarap ugradylar.

Oba hojalyk tehnikalarynyň we sebitiň obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Welaýatyň artistleri, tans-döredijilik toparlary ajaýyp konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Soňky habarlar
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
14.08
Giň gerimli gurluşyklar — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany
14.08
Ruhy däpleriň dowamaty
14.08
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow