Baş sahypa
\
Sport
\
Ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlaryň sany artdy
Sport
Ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlaryň sany artdy
Çap edildi 16.11.2016
2448

Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda hokkeý boýunça Aşgabadyň ilkinji açyk birinjiligine badalga berildi. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar. Olar birnäçe tapgyrdan ybarat aýlaw görnüşdäki ýaryşda ýarym ýylyň dowamynda baýraklar ugrunda göreşerler. Täsirli açylyş dabarasynyň barşynda hokkeýçileriň we köpsanly tomaşaçylaryň öňünde Sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzdaky sport mekdebiniň buzda figuralaýyn typmak bilen meşgullanýan türgenleri çykyş etdiler. Karina Mowsesýanyň şägirtleriniň ýerine ýetirmegindäki buzuň üstündäki tanslar ýaryş gidýän wagty, duşuşyklaryň arakesmesinde hem bolýar. «Gerçekleriň oýny» hasaplanýan hokkeý bilen meşgullanýan ýaşajyk türgenler hem biri-biriniň gujur-gaýratyny synap gördüler. Iki tapgyrdan soň garaşylyşy ýaly toparlaryň üçüsi-- «Şir», «Oguzhan» we «Galkan» toparlary öňe saýlandylar. Hünärmenleriň pikiri boýunça altyn medal ugrunda göreş esasan şu üç toparyň arasynda gider. Körpeje hokkeýçileriň ençemesiniň ilkinji gezek gatnaşyp görýän bu ýaryşynyň esasy maksady ýaşlary sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmekden hem-de täze hokkeý toparlaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, buz üstünde oýnalýan bu oýun soňky döwürde türkmen ýaşlarynyň arasynda gitdigiçe meşhurlyk gazanýar. Mysal üçin, diňe ýokarda agzalan paýtagtymyzyň toparlarynyň düzümine 300-e golaý türgen girýär. Ýakyn geljekde bolsa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak isleýän ýaşlary toparlara kabul edip başlarlar. Bu ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap buzly sport desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýaryşyň netijesi boýunça halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi tassyklanar. Milli ýygyndymyz halkara ýaryşlarynyň birnäçesine, şol sanda Russiýada geçirilýän ýetginjekleriň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Altyn şaýba» ýaryşyna hem gatnaşar. Häzirlikçe bolsa Türkmenistanyň hokkeý boýunça erkekler ýygyndy topary özleri üçin ilkinji Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlanýar. Sekizinji gyşky Aziýa oýunlary 2017-nji ýylyň fewralynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçer. Aziadanyň öňüsyrasynda türgenlerimiz iň gowy buzly meýdançalaryň biri hökmünde tanalýan Minsk şäheriniň (Belarus) «Çižowka-arena» hokkeý meýdançasynda halkara okuw-türgenleşiklerini geçmegi göz öňünde tutýarlar. Bu ýerde 2014-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionaty, şu ýylyň ýaz aýynda bolsa ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Mundan başga hem milli ýygyndy toparymyz Halkara hokkeý federasiýasynyň guramagynda aprel aýynda Kuweýtde geçjek «Çagyryş kubogy» ugrundaky ýaryşa gatnaşar. Bu ýaryşyň topardaky oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Filippinleriň, Omanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Hindistanyň hem-de Hytaýyň Ýörite dolandyryş etraby bolan Makaonyň milli ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşjakdygy eýýämden mälimdir.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow