Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
Sport
Türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
Çap edildi 15.11.2016
2541

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdiriýetiniň wekilleriniň Türkmenistana üç günlük sapary tamamlandy. Dostlukly ýurduň wekiliýetine bu müdiriýetiň ýolbaşçysy Mohammad Humaýun Haýrany baştutanlyk edýär. Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary saparyň barşynda türkmen hünärmenleri bilen sport hereketini ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we beýleki guramalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Myhmanlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine gezelenç edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu toplumy gurmak boýunça durmuşa geçirilýän taslama haýran galmak bilen, onuň Aziýa yklymynda ägirt uly sport desgalarynyň biridigini bellediler. Owganystanly wekiller toplumyň desgalary bilen tanşyp, geljek ýylyň sentýabr aýynda bu ýerde geçiriljek iri möçberli sport forumynyň uly jemgyýetçilik seslenmesine eýe boljakdygyna hem-de köpsanly türgenler we sport muşdaklary üçin ýatdan çykmajak aýdyň öwüşginli waka öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça bilelikde okuw türgenleşiklerini guramagyň meýilnamasy bellenildi. Türkmenistanyň häzirkizaman sport toplumlarynda, şeýle hem Owganystanyň sport desgalarynda milli ýygyndy toparlaryň taýýarlyk-türgenleşik işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Myhmanlar Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Hususan-da, dostlukly ýurduň topary şu ýylyň sentýabr aýynda ýapyk binalarda guralan ýeňil atletika boýunça ýaryşa gatnaşdy. Häzirki wagtda owgan ýeňil atletikaçylary 2017-nji ýylyň fewral aýynda bu toplumda geçiriljek Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler. Jiu-jitsu boýunça halkara ýaryşynyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galdy, myhmanlaryň aýtmagyna görä, oňa Owganystanyň ýygyndy topary hem gatnaşar. Bäsleşikler 7-12-nji dekabr aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungaty toplumynda geçiriler. Şol ýaryşlarda görkezme çykyşlarynda hem medallar ugrunda güýç synanyşylar. Saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler, olar çeper elli türkmen zenanlarynyň inçe sungatyna haýran galdylar. Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary saparyň jemlerini jemläp, türkmen sport hünärmenleri bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlar boýunça mundan beýläk-de gatnaşyklaryň anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini bellediler.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow