Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 11.08.2022
2184

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, sergiler, maslahatlar Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. «Açyk gapylar» syýasaty we giň halkara gatnaşyklar babatda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen çäreler ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Paýtagtymyzda iýul aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen uly wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ähli ugurlarda özara gatnaşyklarynyň yzygiderli, işjeň häsiýete eýedigi bellenildi. Şolaryň hatarynda gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň berkidilmegi esasy ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

1-nji iýulda türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, geljek üçin meýilnamalary kesgitlemek bu çäräniň esasy meselesi boldy. Türkiýe Respublikasynyň wekilleri üstünlikli maýa goýum işi üçin ähli şertler döredilen milli bazaryň geljeginiň uludygyny belläp, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we beýleki ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny tassykladylar.

4-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde geçirilen ýokary derejeli konsultatiw duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň esasy bilermenleridir hünärmenleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleri birleşdirmek duşuşygyň esasy maksady boldy. Forumda Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak ugrunda 2022 —2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” taslamasy boýunça pikir alşyldy hem-de jemleýji resminama kabul edildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BSG bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwletiň milli kanunçylyk binýadyny, daşary söwda çärelerini we düzgünlerini kämilleşdirmek üçin zerur çäreleri görýändigi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň, işewür toparlaryň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilýändigi nygtaldy.

5-nji iýulda şol ýerde geçirilen “tegelek stol” söhbetdeşligine halkara guramalaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň BSG-ä “goşulýan ýurduň” derejesini almagynyň ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde onuň halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

5-nji iýulda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou bilen geçirilen duşuşygyň barşynda köp ugurlar, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar boýunça türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Howpsuzlyk ulgamyndaky taslamalara garamaga hem-de özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Şol gün Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işi barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde “Men gözelligi döredýärin” şygary astynda “Aşgabat — dizaýn şäherim” atly sergi guraldy.

Forumda dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolan Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy, bu ugurda gazanylan netijeler hem-de meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýüztutmanyň amala aşyrylmagy halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler hem-de ak mermerli şäherimiziň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Şol şäherler medeniýete we döredijilige durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik ugry hökmünde garaýarlar.

5-6-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesiniň Hökümetara topary, Ýol gurluşykçylaryň hökümetara geňeşi hem-de Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkez bilen bilelikde utgaşykly görnüşde geçirilen çärede döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Onuň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy wirtual binýatda Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmek çäresini geçirdi. Mejlisiň jemleri boýunça BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň Başlygy Abdulla Şahidiň adyna BMG-ä agza döwletleriň wekilleriniň 90-dan gowragyny birleşdirýän şu topary döretmek barada maglumat berýän hat ugradyldy.

6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda taraplaryň energetika, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy barada aýdyldy.

7-nji iýulda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Helsinki Jemleýji Beýannamasyna gol çekmeginiň hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan utgaşykly görnüşdäki maslahat geçirildi. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Foruma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, merkeziň ýurdumyzdaky hyzmatdaş guramalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda Ykdysady, energetika we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy, halkara gapma-garşylyklaryň öňüni almak we aradan aýyrmak, syýasy hem-de dini ekstremizme, transmilli howplara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça netijeli gurallary döretmegiň ähmiýeti bellenildi.

Çykyş edenler Ýewropada parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Hazar deňzi arkaly netijeli sebit gatnaşyklaryny hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, gender deňligini ilerletmekde döwletimiziň tagallalaryna we goşandyna ýokary baha berdiler.

12-nji iýulda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça goşmaça komitetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen sekizinji mejlisinde özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny amala aşyrmakda umumy goşant hökmünde terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy göreşmek meselelerinde geljekki gatnaşyklaryň ugurlary kesgitlenildi.

Maslahatyň jemleri boýunça goşmaça komitetiň mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen 13-nji iýulda geçiren duşuşygynda iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gepleşikleriň, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy. Taraplar şeýle-de ähli ugurlar boýunça, aýratyn-da, energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar ulgamynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

15-nji iýulda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Sekretariatynyň Syýasy hem-de dünýä gurluşy meseleleri boýunça departamentiniň wekili Swetlana Galkina bilen geçirilen duşuşykda Birleşen Milletler Guramasy bilen giň ugurlar boýunça gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi.

Saýlaw çäreleriniň ýokary standartlaryny üpjün etmek hem-de saýlawlary geçirmekde ýardam bermek, halkara kadalary, usullary öwrenmegiň we uýgunlaşdyrmagyň esasynda hukuk binýadyny kämilleşdirmek, milli saýlaw institutlaryny pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hem-de durnukly, elýeterli we netijeli saýlaw tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ses bermek serişdelerine doly elýeterliligi üpjün etmekde tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurt ulag we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, milli hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahatyň gün tertibine ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük daşamagyň geografiýasy we depgini, ulaglaryň ähli görnüşleriniň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek hem-de logistik çykdajylary hasaba almak ýaly meseleler girizildi. Şeýle-de ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň ornuna, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmäge we täzelerini döretmäge, bu ugurda halkara gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-nji iýulda türkmen paýtagtyna gelen Gruziýanyň wekiliýetiniň agzalary bilen gepleşikler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça dürli ulgamlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine degişli hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berýän ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

21-nji iýulda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, şu ýyl döwletimiz degişli komitetlere resminamalaryň ikisini — Zenanlar babatda kemsidilmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak hakynda Konwensiýa hem-de Maýyplaryň hukuklary hakynda Konwensiýa boýunça maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky hasabatlary ibermelidir. Saparyň çäklerinde Adalatçynyň diwanynda, Bilim, Içeri işler ministrliklerinde, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda hem duşuşyklar geçirildi.

25-nji iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleri şu ýylyň birinji ýarymynda toparyň işiniň netijeleri, geljek ýyl üçin meýilnamalar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak, umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna goşmak bilen bagly boldy.

Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyny hem-de guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek maksady bilen, deslapky milli we köptaraplaýyn resminamalary taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnama, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemegiň däpleri” hödürnamasy bar. Şeýle-de Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak baradaky maglumat diňlenildi.

28-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi hem-de ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow kabul edildi. Onda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, syýasy, parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şol sanda maýa goýum taslamalaryny hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda howpsuzlyk boýunça iş toparynyň 30-njy iýulda Daşary işler ministrliginde geçirilen birinji mejlisinde sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine garaldy, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de bikanun işiň beýleki görnüşlerine garşy durmagyň, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmegiň zerurdygy, maglumat howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň ähmiýeti nygtaldy. Owganystandaky ýagdaýa, onuň syýasy we ykdysady durnuklylygyna, owgan halkynyň abadançylygyna hem-de bitewüligine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn görnüşleriniň bardygy, şol sanda “Merkezi Aziýa — ABŞ” hem-de “Türkmenistan — ABŞ — Owganystan” ýaly görnüşleri bellenildi.

Umuman, geçen aýyň daşary syýasy wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy abadançylyga we ösüşe gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow