Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmalydyr, has takygy, ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmek zerurdyr diýip hasaplaýar.
Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada — kuwwatly, döwrebap düzümi döretmek maksadyna gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip hasaplaýaryn. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip bilerdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunda ýurdumyzyň Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňzi we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işe taýýardygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşmagyna umyt bildirýändigini aýtdy. Bu forum halkara ulag-logistika geçelgelerini döretmäge, olaryň maksatlaryna hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmek teklibi beýan edildi. Onuň meselesi sebitiň içinde, şeýle-de daşynda, Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bagly bolar.
Umuman, sebitiň ulag babatdaky ähmiýetli orny hakynda aýtmak bilen, biz ony Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň aýrylmaz bölegine öwürmek baradaky örän uly, ýöne anyk maksady öňünde goýup bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
8-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ulag-kommunikasiýa toplumynyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny we önümçilik-hojalyk işini yzygiderli seljermek arkaly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegi hem-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipeleriniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Şu ýylyň alty aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 112,7 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 110,6 göterim berjaý edildi.
Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýokary netijeli ulag düzümini kemala getirmek boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda meýilnama görkezijileriniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu düzüm ýükleriň daşalmagyna we ýolagçylaryň gatnadylmagyna islegleriň kanagatlandyrylmagyny, olaryň howpsuzlygynyň, hiliniň gowulandyrylmagyny, maýa goýum işjeňligi üçin şertleriň döredilmegini, ýurdumyzyň gatnawlary amala aşyryjylarynyň içerki we daşarky bazarlarda ulag işleriniň hem-de hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz önümiň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde kesgitledi. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň ählumumy we sebit ulag-kommunikasiýa ulgamlaryna ýakynlaşmagynyň derejesine baglydyr. Bu ulgam döwletleriň arasynda maddy binýat we haryt dolanyşygynyň guraly bolup durýar.
Sözüň doly manysynda, üstaşyr geçirmek ulag hyzmatlarynyň eksportydyr, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugruna öwrüldi. Üstaşyr geçirmek — munuň özi ulag we ugurdaş hyzmatlara tölegler görnüşindäki göni pul serişdeleriniň gelip gowuşmagydyr, düzümi ösdürmäge maýa goýumlardyr, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegidir.
Bilermenler haryt daşamagyň hereketiniň gury ýer we suw ugurlarynyň harçlanýan serişdelerini hasaplamak bilen, ulag ulgamynyň ösüşiniň, söwdanyň ýokarlanmagynyň arasyndaky özara baglanyşygy öwrenýärler. Häzirki döwürde bilermenleriň köpüsi Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň has okgunly ösýän bazara öwrüljekdigi, özleriniň kommunikasiýalaryna sebitara ýük daşamalaryny çekip biljek ýurtlaryň uly girdeji gazanjakdygy baradaky bir pikiri aýdýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň bu ulgamda amala aşyrýan syýasatynyň esasy maksady Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşişinden hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky tebigy üstaşyr köpri hökmünde ulag düzüminiň ägirt uly kuwwatyndan doly derejede peýdalanmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda döwletimiziň demir ýol ulagy pudagy täze ösüşi başdan geçirýär — täze kärhanalar açyldy, döwrebap tehnologik ulgamlar ornaşdyryldy, ozaldan hereket edýänleri iň döwrebap tehnikalar bilen üpjün edildi, olaryň kuwwaty ençeme esse artdy, wagonlaryň we teplowozlaryň uly tapgyry satyn alyndy. Şunlukda, olar uzak ýyllaryň dowamynda okgunly ösýän milli ykdysadyýetimize hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ägirt uly serişdeler binýadyna eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ulgamyna işjeň ýakynlaşmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Munuň üçin ýurdumyzda iň täze enjamlar bilen üpjün edilen howa hem-de demir ýol menzilleri guruldy. Halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän täze polat ýollar çekildi we ozaldan bar bolanlarynyň durky täzelendi, inženerçilik desgalary guruldy.
Ýurdumyzyň çäginde Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýolunyň esasy böleginiň ýerleşýändigini nazara almak bilen, Watanymyzyň üstaşyr ýük daşamak ulgamyndaky kuwwaty haýran galdyrýar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde şu demir ýol arkaly Ýakyn Gündogaryň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny nygtady. Şol ýol arkaly Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ýükler daşalýar.
Bu ugurlaryň sebitiň ýurtlarynyň dostlugynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň ýoluna, ygtybarly ulag geçelgesine öwrüljekdigi şübhesizdir. Bu ugurlar ykdysady bähbitden başga-da, deňhukukly gatnaşyklar şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine netijeli goşulyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Üç döwletiň kommunikasiýa ulgamlaryny birleşdirýän Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara geçelgesi gatnaşyjy döwletleriň hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistan milli ulag ulgamyny günorta we gündogar ugurlarda halkara geçelgeler bilen birleşdirmek üçin, özüniň ulag düzümini işjeň ösdürmegi dowam etdirýär. Munuň özi bize Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlaryna çykalgany üpjün eder. Bu bolsa awtomobil ýollary düzümini ösdürmäge hem degişlidir.
Täze awtomobil ýollaryny gurmak we ozaldan barlarynyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny doly täzelemek, hereket howpsuzlygynyň döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, elektron maglumat tablolaryny, LED monitorlary gurnamak we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Bularyň ählisi awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmaga hem-de ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hökümetiň ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça geçirilen mejlisiniň barşynda welaýat merkezlerinde ýolagçy awtomenzilleriniň we elektron enjamlar bilen üpjün edilen awtotürgenleşik meýdançalarynyň gurluşygynyň dowam edýändigi habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary bilen daşalýan ýükleriň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň, ýurdumyzyň ulag geçelgelerini ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Bu ulgamyň düzümi kämilleşdirilýär — Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag parkynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli tehnikalary bilen ýetirilýär. Şol tehnikalar soňky ýyllaryň dowamynda bu ulgamda iri taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýar. Olaryň hatarynda asfaltlary berkidijileriň, buldozerleriň, ýer gazýan maşynlaryň, awtogreýderleriň we beýlekileriň dürli görnüşleri bar. Bularyň ählisi häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.
Ýurdumyzyň ýolgurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, sebitde möhüm üstaşyr ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.
Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Bu awtoban Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biri bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag ýollaryny Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtomobil ýollarynyň köp şahaly ulgamyna goşulmagyny üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyklara ýükleriň çalt we arzan daşalmagyny amala aşyrmaga, sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösmegini höweslendirmäge mümkinçilik berýän täze awtomobil ýoly peýda bolar.
Bu ýol ulag-logistika ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, telekeçilik işini höweslendirmek hem-de döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, onuň dünýäniň multimodal aragatnaşyk ulgamyna ýakynlaşmagyny üpjün etmek wezipelerini çözmek üçin uly ähmiýete eýedir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistik ulgamy döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýakyn wagtda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň gurluşyk işleri başlanar.
Türkmenistan — Gazagystan ulag ýolunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüljek täze köpriniň gurulmagy Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen birleşjek eltiji ýoluň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watanymyzyň multimodal logistika mümkinçiliklerini mundan beýläk-de doly derejede we işjeň ösdürmek, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly hem-de bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek zerurdyr.
Türkmenistan deňizde ýolagçy gatnadylmagynyň we ýük daşalmagynyň ösdürilmegine Merkezi Aziýanyň döwletleriniň hem-de Hazar sebiti ýurtlarynyň dünýäniň ykdysady ulgamyna doly goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitiň iri üstaşyr merkezi wezipesini ýerine ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwrebap deňiz-söwda flotunyň kemala getirilmegini döwletimiziň ulag syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly ýurdumyzda senagat we oba hojalyk enjamlary, tehnikalar, metal hem agaç önümleri, mineral dökünler getirilýär, daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks, beýleki nebit hem-de himiýa senagatynyň önümleri iberilýär.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda gämileri gurmak üçin ähli şertleriň bardygyny we bu işi tapgyrlaýyn esasda ýola goýmagyň zerurdygyny nygtap, ýörite ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň, işgärler üpjünçiligini gowulandyrmagyň möhümdigini belledi.
Portuň öňdebaryjy düzümi diňe bar bolan islegleri däl, eýsem, geljekki islegleri hem ýokary hilli teklipler, ýokary derejeli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Portuň doly kuwwatyna çykarylmagy yklymara ýük daşamalaryň logistik ulgamynda düýpli özgerişliklere getirer. Has gysga we amatly ýollar üçin iň oňaýlysy hökmünde ýurdumyzyň ýük geçiriji terminallary bu ulgamyň möhüm merkezine öwrüler.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň doly ulanylmagy, ulaglaryň dürli görnüşleri bilen uly gabaraly we agyr ýükleri Hazar sebitine ýetirmegiň aýratynlyklary ýurdumyzyň çägi arkaly olaryň Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam eder.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan täzelenmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Içerki we halkara ugurlarda ýolagçy gatnatmakda, ýükleri daşamakda raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa menzillerinde döwrebap ulag geçelgeleriniň döredilmegi hem-de howa menzilleriniň netijeli ulanylmagy döwlet Baştutanymyzyň awiasiýa ulgamynyň öňünde goýan wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dürli ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Ýolagçylaryň aglabasy halkara howa ýollary arkaly işewürlik ýa-da medeni syýahatçylyk maksady bilen syýahat edýärler, şoňa görä-de, bu babatda milli awiasiýa esasy orny eýeläp, ykdysadyýetimiziň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Howa menzilleriniň öňdebaryjy ulag-kommunikasiýa düzümini döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angar toplumyny gurmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Ýurdumyz anyk ýagdaýlardan ugur alyp, häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara bileleşik bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň öz konsepsiýasyny kemala getirdi. Bu konsepsiýanyň esasy maksady şu ulgamda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de netijeli nusgalaryny dünýä giňişliginde ilerletmekden, halkara üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleriň toplumyny döretmekden ybaratdyr.
Ählumumy ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ösmegine we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär. Onuň durnuklylygy hem-de sazlaşykly işlemegi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly ähmiýete eýedir.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda öňde goýan giň möçberli wezipeleri ýurdumyzy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri üstaşyr ulag merkezine öwürmäge gönükdirilendir.
(TDH)