Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary artýar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň eksport kuwwaty pugtalanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da ösmeginde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Ministrler Kabinetiniň 4-nji iýunda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içerki bazarlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli resminama gol çekmegi taryhy ähmiýetli çözgüde öwrüldi. Degişli Karara laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda 20 müň gektar meýdana iýmlik mekgejöwen, 2 müň gektara soýa we 40 müň gektara iýmlik bugdaý ekmek we olaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini geçirmek tabşyryldy.
Şeýle-de iýmlik mekgejöweniň, soýanyň we bugdaýyň ekilýän meýdanlarynyň welaýatlar hem-de etraplar boýunça ýerleşdirilişini, olary ösdürip ýetişdirjek kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň sanawyny kesgitläp, şol bir wagtyň özünde iýmlik däne öndürijileri, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýokary hilli tohumlar hem-de tehniki hyzmatlar, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň suwaryş suwy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň bolsa mineral dökünler bilen zerur möçberde we anyk möhletde üpjün etmegi bellenildi.
Oba zähmetkeşlerini we önüm öndürijileri mundan beýläk-de zähmet ýeňişlerine ruhlandyran bu çözgüdiň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, obasenagat toplumynyň degişli düzümleriniň eksport kuwwatynyň has-da artmagyna ýardam berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilýändigini bellemek gerek. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli peýdalanylmagyna, oba hojalygyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, önüm öndürijilere, şol sanda ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýerden alynýan hasylyň mukdaryny artdyrmaga, önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün etmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalary daýhanlaryň hyzmatynda. Munuň özi ýurdumyzda obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan oba hojalygynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge örän jogapkärçilikli, häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda çemeleşilýär. Bu bolsa alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp, ylmy taýdan esaslandyrylan oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny giňden ornaşdyrmak döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Şunda ýurdumyzyň oba hojalygyny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meselesiniň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Obasenagat toplumyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, bu ugurda telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge hem-de hususy önüm öndürijileriň iş netijeleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Pudaga häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň we işi ýöretmegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmakda, tohumçylyk işini ylmy esasda kämilleşdirmekde, şeýlelikde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekin ekilýän ýerleriň melioratiw ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek işleri häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde suw akabalaryny, zeýkeş ulgamlaryny bellenilen möhletde arassalamak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegine uly üns berilýär. Şunda ekerançylyk meýdanlarynda daýhanlaryň ýardamçylary bolan kuwwatly tehnikalar netijeli işledilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleri bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatlarda bu ekinleriň meýdanyny giňeltmek hem-de olaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek, kärendeçileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar.
Mallardan alynýan önümleriň mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzda guşçulyk toplumynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk, şol sanda guşçulyk toplumynyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak üçin zerur işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Şunda önüm öndürijileri höweslendirmäge möhüm orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine ýakyndan üns bermegi netijesinde ýurdumyzda ekerançylaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ekinlere agrotehnikanyň ähli kadalaryny berjaý etmek esasynda göwnejaý ideg etmäge, ýetişdirilen hasyly tiz hem-de ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 4-nji iýunda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek kararyna gelendigini aýtdy. Munuň özi hususy önüm öndürijileriň işe bolan höwesini artdyryp, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň ilaty üçin zerur azyk harytlaryny satyn almak maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberindäki pul serişdeleriniň gönükdirilýändigini aýtdy. Bu çözgüt Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine giň ýol açýar.
Ýurdumyzda guş etiniň we ýumurtganyň, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, hususy ulgamyň önümçilik kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak maksady bilen, degişli iýmlik binýadyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa ilatyň guş etine hem-de ýumurtga bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagynda derwaýys orun eýeleýär. Bu taryhy çözgüt dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýy nazara alanyňda, aýratyn ähmiýetlidir. Çünki lukman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzda ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagy, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagy sagdyn iýmitlenmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň önüm öndürijileri höweslendirmek üçin degişli Karara gol çekmeginiň maksadynyň ilatymyzyň ýokary hilli we ekologik taýdan arassa azyk önümlerine isleginiň doly kanagatlandyrylmagyna gönükdirilendigini bellemek gerek. Munuň özi döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleriň, beýik tutumlaryň we durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ähli babatda halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegini nazarlaýandygynyň nobatdaky beýanydyr.