Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Taryhy-medeni miras — watanymyzyň we halkymyzyň gymmatly baýlygy
Jemgyýet
Taryhy-medeni miras — watanymyzyň we halkymyzyň gymmatly baýlygy
Çap edildi 07.06.2022
3460

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal täze açyşlar, taryhy-medeni, milli ruhy mirasa degişli barlaglaryň netijeleri baradaky makalalaryň tapgyryny dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlaglary žurnalyň ilkinji sahypalarynda ýerleşdirilipdir.

“Açyşlar we täze işläp taýýarlamalar” bölüminde ýerleşdirilen “Türkmen halk sazynyň mukam žanry” atly makalada sazyň aýratynlyklary, milli saz medeniýetiniň möhüm bölegi bolan dutar üçin saz eserleriniň mazmunynyň köpdürlüligi hem-de keşp-duýgy gurluşy barada gürrüň berilýär.

Ýekelikde dutar çalmak sungaty Merkezi Aziýanyň saz gurallary medeniýetinde ykrar edilen meşhur hadysa hökmünde türkmen sazynyň özboluşlylygydyr. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

“Garaşsyzlyk döwründe türkmen diliniň düýpli öwrenilişi” atly makala hem hünärmenlerde gyzyklanma döreder. Onda ýurdumyzyň alymlarynyň türkmen diliniň, elipbiýiniň, ylmy grammatikasynyň milli aýratynlyklary bilen baglanyşykly geçirilen barlaglaryň netijelerine bagyşlanan neşirlere syn berilýär. Şeýle hem şu bölümde “Filosofik dünýägaraýşyň çeper aňdaky beýany” atly makala ýerleşdirilipdir. Onda çeper söz ussatlarynyň, akyldarlaryň, gündogaryň filosoflarynyň ençemesiniň işlerine salgylanyp, filosofik we çeper aňyň özara gatnaşyklary barada pikir ýöredilýär. Esasan-da, Hoja Ýusup Hemedanynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň hem-de beýleki akyldarlaryň işleriniň üstünde durlup geçilýär.

Ekerançylygyň adamzat taryhynyň islendik döwründe onuň jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm bölegi bolandygyny taryhy maglumatlar subut edýär. Bu baradaky mesele “Tahyrylar döwletinde ekerançylygyň ösmegi” atly makalada gozgalypdyr. “Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde ýerleşdirilen makala ýerden peýdalanmagyň ösüşi, salgyt, suwaryş ulgamy ýaly möhüm meseleleri açyp görkezýär. Gadymy döwürde we orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäklerindäki esasy medeni merkezleriň — Gürgenjiň, Amulyň, Zemmiň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň üstünden geçmegi olaryň bazarlarynyň ýerli öndürijileriň önümleri bilen doldurylmagyna we bereketli bolmagyna ýardam edipdir, bu önümler şol döwrüň islegini kanagatlandyrýardy, şonuň netijesinde ekerançylyk gülläp ösüpdir hem-de ýokary derejä ýetipdir.

Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen “Türkmenleriň keçe sungaty” atly makalada keçe taýýarlamagyň taryhy, keçe basmagyň we onuň durmuşda ulanylyşynyň usuly barada gyzykly maglumatlar getirilýär.

Neşir “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýylyň ilkinji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn bermek bilen tamamlanýar. Şol wakalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna we bagtyýarlygyna, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyga gönükdirip, üstünlikli durmuşa geçirýän, ösüşlere beslenen döwlet syýasatynyň yzygiderliligini görkezýär.

Ýokary çaphana usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň žiwopis eserleri hem-de fotoişleri, şol sanda gadymy muzeý we arheologik gymmatlyklaryň suratlary bilen bezelipdir.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow