Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
Çap edildi 23.03.2022
1886

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 30-njy martda ekişe başlarlar.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Bu gymmatly ekiniň ýetişdirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygynyň möhüm bölegidir. Geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Türkmen pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň aýdyň netijesidir.

Pudakda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen, obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, obasenagat toplumyny inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar.

Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegine köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary guruldy.

Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, ýerleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Şu ýyl ýurdumyzda gowaça ekmek üçin 580 müň gektar meýdan taýýarlanylyp, 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine hususy önüm öndürijiler hem gatnaşar, olara oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer bölünip berildi.

Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumy saýlanyp alyndy. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “149-F” ýaly gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň we ekiji gurallarynyň 1708-si, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň 5517-si peýdalanylar.

Dünýä belli “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlar şu möwsümde ekin meýdanlaryna çykarylar.

Tehnikalaryň gije-gündizleýin hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler döredildi.

Şu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biokärhanalaryň 485-si taýýarlanyldy. Şolar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Möwsümiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” hem-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç” daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň okgunly ösüşini, obasenagat toplumynyň ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi.

Maslahatlarda welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, pagtaçy kärendeçiler “ak altyndan” we beýleki ekinlerden bol hasyl ýetişdirmek bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Şeýle hem gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň we haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar oba hojalygynyň ösdürilmegine goldawy, ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we obasenagat toplumynda özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde, dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere çäksiz ruhy lezzet berdi.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow