Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplarynyň abadançylygy döwletimiziň aladasydyr
Jemgyýet
Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplarynyň abadançylygy döwletimiziň aladasydyr
Çap edildi 10.03.2022
3026

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän, ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistanda bilimi we ylmy kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, bu möhüm ulgamlary halkara ölçegleriň derejesine çykarmak, ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklary üçin hemme şertler döredildi. Şonuň bilen birlikde, biziň oglan-gyzlarymyza daşary ýurtlaryň iň oňat ýokary okuw mekdeplerinde we iri ylym-bilim merkezlerinde okamak we ýokary hünär bilimini almak üçin mümkinçilikler döredildi.

Bularyň ählisi döwletimiziň ýaş nesiller — Watanymyzyň geljegi barada hemmetaraplaýyn alada edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň şeýledigini Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplarynyň ata Watanymyza dolanyp gelmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi hem tassyklaýar.

Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş watandaşlarymyzyň uly topary 10-njy martda ýörite howa gatnawy arkaly Türkmenabat şäherine geldi. Howa menzilinde olar mähirli garşylandy.

Watanymyza dolanyp gelen türkmen talyplary hakyky atalyk aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Olaryň ata-eneleri hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çäksiz hoşallyk sözlerini aýdyp, mähriban Arkadagymyza berk jan saglyk we uzak ömür arzuw edýärler.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
top-arrow