Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi
Jemgyýet
«Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi
Çap edildi 26.02.2022
3305

2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» kabul edilmegi boýunça brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy toparynyň agzalary we lukmanlar gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda öz çykyşlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Aýna Seýitliýewa we beýlekiler çykyş etdiler.

Öz giriş sözünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow täze maksatnamanyň ýurduň temmäkiden azat derejesini kesgitlemek, bu ugurdaky syýasatyň durmuşa geçirilişine we kanunlaryň ýerine ýetirilişine ýörite gözegçiligi amala aşyrmak, ilatyň, ilkinji nobatda ýaşlaryň temmäkiniň zyýanly täsirleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak ýoly bilen temmäkä garşy göreşmegi berkitmek boýunça milli standartlary emele getirmäge gönükdirilendigini belledi.

Ol, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmäge gönükdirilip taýýarlanylan Maksatnamany kabul etmek bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýlan çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň gönüden-göni saglygy berkitmek arkaly halkyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini avdandygy barada nygtady.

Brifingde çykyş eden halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşmek we gözegçilik etmek boýunça köp wagtdan bäri netijeli işleri alyp barýandygyny belläp geçdiler. Munuň bolsa, temmäkä garşy üstünlikli göreşmek boýunça gowy mysal bolup durýandygyny Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň wekilleriniň eýýäm birnäçe gezek belländikleri aýdyldy. Türkmenistan häzirki wagtda BSGG-niň Ýewropa sebitinde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär we bu möhüm ugurda uly möçberli işleri dowam etdirýär. Çykyş edenler Türkmenistany Milli Maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli gutladylar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow