Geçen hepde uly we ajaýyp baýramçylygyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçdi. Ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýynda geçirilen dabaralar eziz Watanymyzyň taryhynyň nobatdaky sahypasyna öwrülip, ýurdumyzyň ajaýyp üstünliklerini we ägirt uly mümkinçiliklerini, halkara giňişligindäki uly abraýyny aýdyň görkezdi. “Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratydyr, türkmeniň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda biz Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, berkarar döwletimiziň barha berkeýändigini alamatlandyrýan köp sanly şanly wakalara besleýäris. Syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, ylymda we medeniýetde gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere, adamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň in gymmatly hazynasy hasaplaýan Konstitusiýamyza guwanç duýgulary bilen garşy alýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli watandaşlarymyza gutlagynda belledi. Garaşsyzlyk gününiň hormatyna guralan dabaralara hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlaryň hatarynda daşary ýurtly ildeşlerimiz hem boldy. Işläp gelýän ýyllarynyň içinde DTYB abraýly halkara guramasyna öwrülip, döwletimiziň çäklerinden alyslarda hem tanaldy. Dünýäniň 14 ýurdunda Birleşigiň 27 sany bölümi hereket edýär. Birleşigiň üç ýüzden gowrak toparlaýyn we ýüzlerçe, şol sanda dört ýüze golaý daşary ýurtly şahsy agzalary bar. Onuň düzüminde toparlaýyn we şahsy agzalary bolup, olar ata Watany bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklap, onuň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Dünýäniň dürli künjeklerinden hormatly Prezidentimiziň adyna gelmegi dowam edýän köpsanly gutlag hatlarynda we telegrammalarda ýurdumyzyň açyk we netijeli syýasatynyň giň halkara goldawa eýe bolmagy öz beýanyny tapýar. Gutlag hatlarynyň dünýäniň esasy döwletleriniň baştutanlaryndan, halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gelip gowuşmagy milli Liderimiziň dünýä ýüzünde abraýynyň örän uludygyna şaýatlyk edýär. Geçen hepdede geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ozal gazanylan ylalaşyklary, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem milli Liderimizi hem-de ähli türkmenistanlylary şanly sene bilen gutlan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýew bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri barada pikir alşyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, düri pudaklardaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sun Weýdun, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeş, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin, Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy, “Faýsal” kompaniýasynyň baştutany şeýh Faýsal bin Naser Al-Tani, şeýle hem belli türk kompaniýalarynyň - “Çalyk Holding”, “Polimeks”, “Renaissanсe Holding”, Russiýanyň “ARETI”, Amerikanyň “John Deere”, Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Pakistan Yslam Respublikasynyň parlamentiniň wise-spikeri Murtaza Jawed Abbasiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýän parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn üns berildi. Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda we baýramçylyk günleri türkmenistanlylar we daşary ýurtly myhmanlarymyz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döretmegiň we gurmagyň belent sepgitlerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň taryhyna nobatdaky şanly sahypalary ýazan ençeme wakalaryň şaýatlary boldular. Şol wakalaryň hatarynda ýurdumyzyň baş meýdançasynda geçirilen harby ýöriş hem-de zähmetkeşleriň baýramçylyk ýörişi, «Aşgabat” köpugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda guralan teatrlaşdyrylan çykyşlar bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan iň gowy döredijilik tolarlary, belli artistler, türgenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly işleriň döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda dabaraly ýörişiň jemleri jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelere seredildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy. Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen döwlet konserti Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan medeni çäreleriň sanawynda aýratyn orun eýeledi. Baýramçylyk konsertine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar baýramçylyk şowhununyň üstüni ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, gadym döwürlerden bäri gözelligi, syratlylygy bütin dünýäde haýran galdyryp gelýän “behişdi bedewlerimiziň” at çapyşyklary türkmen toýunyň bezegine öwrülýär. Şu şanly baýramçylykda hem şeýle boldy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugunda iň gowy ahalteke bedewlerinde ussat çapyksuwarlar bäsleşdiler. Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda paýtagtymyzda geçirilen döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş bar. Täze neşir eziz Watanymyzyň döwlet özygtyýarlylygynyň şanly 25 ýyllyk taryhynyň ýylýazgysy bolup durýar. Şeýle hem bu neşirde diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi nukdaýnazardan garaşsyzlyk eýýamynyň wakalary beýan edilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynda uly sarpalanýan ussat Şükür bagşy hakynda gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine hormatly Prezidentimiziň aýdymynyň sözleriniň golýazma nusgasynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň medeni durmuşynda nobatdaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. Noýabr aýynyň ahyrynda geçiriljek Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny—Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) bölegini ulanmaga bermäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde Akina owgan menzilinde türkmen demir ýol gurluşykçylary bu ýoluň soňky böleklerini çekdiler. Dabaranyň barşynda türkmen we owgan wekilleri giň gerimli taslama diňe goňşy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolup, Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ulag ýollarynyň möhüm bölegine öwrüler diýip bellediler. Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda gurlan ýokary amatlykly 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Türkmenistanyň wekilleri Indoneziýada geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 53-nji Bas Assambleýasyna gatnaşdylar. ABU guramasyna agza bolan teleradiogepleşikler kompaniýalarynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekillerini bir ýere jemlän forumda geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna final duşuşygy geçirildi. Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” topary indi üçünji gezek Kubogyň eýesi boldy. ... Eziz Watanymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar taryhyň nobatdaky sahypasyna öwrüldi. Şol günler ýurdumyzyň baş meýdançasyndan sazlaşykly ädimläp geçen türkmen esgerlerine bolan buýsanç duýgusy hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyplygy müňlerçe adamlary agzybirlik duýgusy gurşap aldy. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda agşam asmanyň ajaýyp baýramçylyk feýerwerki bezände biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletiň mukaddes ruhundan ylham aldyk.