Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Jemgyýet
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Çap edildi 13.02.2022
4710

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Mejlise Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysy mejlisi açyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka bolan mejlisiniň taryhy ähmiýetini nygtady. Kabul edilen binýatlaýyn resminamalara, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» şonuň ýaly-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan gelip çykýan täze wezipelere aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň işiniň barşynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi doly goldaýandygyny aýdyp, ýönekeý bolmadyk netijä gelendigi we özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.

Şu günki mejlisde saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklanyldy.

Şonuň ýaly-da, öňde durýan möwsümiň guramaçylyk meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň milli synçylary däl, eýsem, halkara bilermenler we synçylary hem syn ederler.

Bellenilişi ýaly, toparyň agzalarynyň öňünde aýratyn jogapkärçilik durýar, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi köp babatda olaryň takyk hem-de sazlaşykly işine baglydyr. Mejlise gatnaşyjylar olaryň esasy wezipesiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde durýan saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna berk laýyklykda geçirmek üçin ähli tagallalary etmekden ybaratdygyny biragyzdan nygtadylar.

Şu gün giň möçberli işe badalga berildi, ol tassyklanan senenamalaýyn meýilnama laýyklykda yzygiderli geçiriler. 14-nji fewraldan bolsa syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçiler toparlary ýokary döwlet wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirip başlarlar.

Mejlisde aýdylan habarlar göz öňünde tutulyp hem-de saýlawlary geçirmek boýunça mundan beýläkki wezipelerden ugur alnyp, beýleki meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow