Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen hem-de mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen 2021-nji ýylyň her bir aýy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şöhratly ýyl ýazgysynda aýratyn orun eýeledi.
Dekabr aýynda geçirilen köp sanly syýasy duşuşyklar we işewür gepleşikler, halkara maslahatlardyr sergiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk hem-de aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalary bilen deňhukukly, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklary syýasatynyň örän dogry we oýlanyşyklydygyny tassyklady.
2-nji dekabrda Energetika ministrliginde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň sanly ulgam arkaly geçirilen bäşinji mejlisi ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Mejlisde bar bolan döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň 2021-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran resmi sapary bu hyzmatdaşlyga täze itergi berdi.
Mejlise gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny beýan edip, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köptaraply gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary, geňeşmeleri we gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudyr.
2-3-nji dekabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi geçirildi. Onda agza döwletlerde howpsuzlyk, ýaragly gapma-garşylyklaryň öňüni almak, transmilli wehimlere garşy göreşmek, daşky gurşaw, gender deňligi we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýurdumyzyň wekili bu guramanyň üç ölçegine hem degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny we eýeleýän ornuny beýan etdi. Şunda ýokary derejedäki gatnaşyklarda birek-birege özara ynamy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, ÝHHG-niň giňişliginde howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi.
4-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew hem-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýýazi köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.
7-nji dekabrda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça mundan beýläk amala aşyrylmaly işler kesgitlenildi.
8-nji dekabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylda geçirilýän duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň jemleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
8-nji dekabrda Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Italiýa+Merkezi Aziýa” görnüşinde ministrleriň ikinji maslahaty geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Italiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary halkara we sebit gün tertibiniň, hususan-da, syýasy, ykdysady, energetika hem-de ynsanperwer ulgamlardaky möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi hem-de Watanymyzyň Bitaraplygyna we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan maslahat dekabr aýynyň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşde guralan gözden geçiriliş halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmekdäki möhüm ädimiň aýdyň beýany boldy.
Maslahatda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri döwletimiziň gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky synlary bilen çykyş etdiler.
Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen halkara wirtual sergi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna okgunly goşulyşmagynyň, onuň ykdysadyýet nusgasynyň hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmäge, mähriban halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Däp bolşy ýaly, dekabr aýy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere beslendi. Halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň esasynda duran parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyga açyklyk ýörelgeleri bu şanly senä bagyşlanan ähli çäreleriň özenini düzdi.
11-nji dekabrda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat bu çäreleriň iň möhümi boldy. Onuň umumy mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Aşgabat forumyna çagyrylan belent mertebeli myhmanlaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýolbaşçylary we beýlekiler bar.
Maslahatyň “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty: dünýä gurluşynda Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy”, “Parahatçylyk medeniýetiniň durnukly ösüş babatda gün tertibi bilen aýrylmaz arabaglanyşygy”, “Ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagynyň ynsanperwer ölçegi” atly umumy mejlisleri köp sanly abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda geçirilen pikir alyşmalaryň esasy ugurlaryny kesgitledi. Halkara forumyň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Halkara maslahatyň öňüsyrasy we geçirilýän güni ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde oňa gatnaşyjylar, hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, ilçi Terri Hakala, BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Juliýa Waleze, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy Wiorel Gusu, Azyk howpsuzlygy boýunça Yslam guramasynyň baş direktory Ýerlan Baýdaulet, Gyzyl Haçyň halkara komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy Sangita Kenig bilen duşuşyklar geçirildi.
14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty –halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly maslahatyň jemlerine bagyşlanyp, “tegelek stol” maslahaty guraldy.
Ýokary derejedäki Aşgabat forumyna gatnaşyjylar Jemleýji resminamany kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýen ählumumy başlangyjyny ilerletmek boýunça teklibini goldadylar. Bu başlangyç halklaryň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkarar etmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.
Bitaraplyk hukuk derejesi dünýäde giňden goldanylýan Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýär. Owganystandaky ýagdaý bu meseleleriň biridir. Ýurdumyz hoşniýetlilik we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine hemişe eýermek bilen, dostlukly döwletiň durmuş-ykdysady düzümlerini ösdürmäge iş ýüzünde saldamly goşant goşýar hem-de döredijilikli durmuşyň esaslaryny pugtalandyrmakda oňa yzygiderli ýardam berýär.
Dekabr aýynyň ortalaryna Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma we hojalyk, şeýle hem nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.
Ynsanperwerlik ýüküni kabul eden owgan halky türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Dabaranyň ahyrynda Owganystanyň Akina şäherçesiniň türkmen tarapynyň goldaw bermeginde gurlan täze metjitde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.
Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmagy we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek hakynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara toparynyň çözgüdi 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň möhüm wakasy boldy. Şeýlelikde, munuň özi bütin adamzat üçin gymmatly bolan däpleri hem-de milliligi ýüze çykarmagyň görnüşlerini özünde jemleýän bütindünýä medeni mirasyň sanawynyň üstüni ýetirdi.
2021-nji ýylyň 18 — 20-nji dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti Nýu-Deli we Yslamabat şäherlerinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalary halkara derejeli duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirdiler. Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hindistan” Dialogynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň çäklerinde möhüm meselelere, şol sanda Dialogyň guramaçylyk-düzümleýin binýadyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy milli Liderimiziň oňyn daşary syýasat strategiýasyndan ugur alyp, Dialogyň çäklerinde yzygiderli esasda daşary işler ministrleriniň mejlislerini hem-de agza döwletleriň ýokary wezipeli wekilleriniň duşuşyklaryny we birnäçe ugurlar boýunça bilermenleriň geňeşmelerini geçirmegi ýola goýmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär.
Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny birleşdirmek boýunça, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bu teklipleriň wajypdygy nygtaldy.
Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Şu babatda milli Liderimiziň ýörelgelerine daýanýan, ýokary derejeli syýasy duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň çäklerinde beýan edilen esasy çemeleşmeler kesgitlenildi.
Şolaryň hatarynda syýasy ulgamda Owganystanyň täze hökümeti bilen halkara gepleşikleriň ýola goýulmagyny goldamak, şu işlerde Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň eýeleýän esasy ornuny berkitmek, ykdysady ýagdaýlary, şol sanda energetika, ulag-aragatnaşyk düzümlerini giňeltmäge gatnaşmagy arkaly durnuklylaşdyrmak üçin onuň ykdysadyýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek, şeýle hem owgan halkyna yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek ýaly ugurlar bar.
Bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklar Bilelikdäki Jemleýji beýannamada beýan edildi. Şonda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek baradaky Aşgabat ylalaşygynyň hem-de Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň netijeliliginiň möhümdigi nygtaldy. Mundan başga-da, abraýly guramalaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýen başlangyjyny durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Iş saparynyň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi we daşary işler ministri bilen duşuşyklar geçirildi. Şolarda Türkmenistanyň Hindistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy.
Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin bilelikdäki pudagara toparyny döretmek hem-de bu taslamanyň Dolandyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisini guramak teklip edildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistana saparynyň çäklerinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Yslamabatda geçirilen bu mejlisiň dowamynda sebitiň we dünýäniň ýurtlary tarapyndan Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça öňde durýan wezipeler hem-de anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem goňşy döwletiň ykdysadyýetine ýardam bermek we ony dikeltmek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi beýan edildi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna gönükdirilen giň gerimli hem-de uzak möhletleýin işler geçirilýär. Şeýle işleriň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegini, goňşy ýurda ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilmegini, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýoluň çekilmegini, ynsanperwerlik kömeginiň yzygiderli berilmegini, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda ýardam berilmegini agzap bolar.
Pakistanda geçirilen ýokarda agzalan nobatdan daşary mejlisiň netijeleri boýunça Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary hakynda Kararnama kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi hem-de daşary işler ministri bilen duşuşyklar geçirildi, şolaryň barşynda Türkmenistanyň dostlukly döwlet bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy nygtaldy hem-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. TOPH transmilli gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalarynyň amala aşyrylmagy esasy mesele boldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek hem-de mazmun taýdan onuň üstüni ýetirmek maksady bilen, Bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirmek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin türkmen-pakistan pudagara toparyny döretmek teklip edildi.
20-nji dekabrda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň duşuşyklary hem geçirildi, şolarda hereket edýän arassaçylyk kadalaryny nazara alyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, eksport-import amallaryny artdyrmak hem-de iberilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de möçberlerini giňeltmek boýunça mundan beýläkki ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň zerurdygy bellenildi.
21-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýylky mejlisine gatnaşdy.
Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň hem-de hökümetleriniň wekillerini, BMGÖM-niň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, “BMG — Zenanlar” düzüminiň ýolbaşçylaryny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň wekillerini, arap zenan-parlamentarileriniň deňlik ugrunda “Ra edat” guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti bellenildi. Şu gezekki mejlisiň dowamynda gender syýasaty, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zenanlaryň eýeleýän orny baradaky meseleler boýunça giňden pikir alşyldy. Bu düzüme 2022-nji ýylda başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçirilendigi bellärliklidir.
Geçen aýyň wakalaryna berlen syn häzirki çylşyrymly döwürde-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüş depgininiň saklanýandygynyň ýene-de bir tassyknamasydyr. Ýurdumyz sebit we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmak bilen, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda tutuş dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli syýasaty üstünlikli durmuşa geçirip, halkara derejede ýyl-ýyldan, barha möhüm orny eýeleýär.