Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan - kämil döwletiň nusgasy
Teswirlemeler
Türkmenistan - kämil döwletiň nusgasy
Çap edildi 26.10.2016
2260

Türkmen halky bilen bilelikde mukaddes garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly toýuny köpsanly dostlarymyz hem dabara bilen belleýärler. Dünýäniň dürli künjeklerinde bu baýramçylyk mynasybetli çäreler, duşuşyklar geçirilýär, Ýöriteleşdirilen neşirler çap edilýär, olarda biziň Watanymyzyň ýeten sepgitlerine, ýurdumyzyň ýokary depginlerde senagatlaşdyrylmagyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirilýär. Olarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigi, türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbini barha özgerdýän gurluşykçylaryň üstünlikleri, ýurduyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikleri, ägirt uly syýahatçylyk mümkinçilikleri, ata-babalarymyz tarapyndan döredilen gadymy siwilisasiýa, medeni we taryhy miras, milli ruhyň döreden taýsyz gymmatlyklary beýan edilýär. Germaniýada neşir edilen “Türkmenistan” atly ýörite žurnalda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary, türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasy barada gürrüň berilýär. Neşirde ýerleşdirilen makalalar “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” hem-de “Oňyn bataraplyk we “açyk gapylar” syýasaty” diýlip atlandyrylýar. Nemes dilinde çap edilen žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary Türkmenistanyň bitaraplygynyň ýyl-ýyldan barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny, onuň parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuşlygy üpjün etmegiň, ýer ýüzünde emele gelýän ähli dartgynlyklaryň parahatçylyk ýoly bilen çözülmeginiň, syýasy - diplomatik usullaryň herekete getirilmeginiň möhüm şerti bup durýandygyny belleýärler. Ýewraziýa yklymynyň beýleki bir böleginde “”LOOKWE” atly bezegli žurnal çap edildi. Hytaýyň giň jemgyýetçilik köpçüligini daşary ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda gazananlary bilen tanyşdyrmaga niýetlenen bu meşhur žurnal bu gezek biziň Watanymyzyň gazananlaryna bagyşlanan makalalary çap edýär. Hytaýly žurnalistler žurnalyň ýörite goýberilişinde öz okyjylaryna Watanymyzyň özygtyýarly ösüşiniň taryh üçin gysga wagtyň dowamynda gazanan üstünlikleri barada okyjylara gürrüň berýärler. Germaniýada çap edilen žurnalda başlanan gürrüňi dowam etmek bilen, Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyndan professor Sun Li “Durnuklylygyň we abadançylygyň ülkesi” atly makalasynda Türkmenistanyň häzirki wagtda sebit we halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýändigini belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwleti halkyň jebisligine daýanmak bilen ykdysadyýetde uly üstünlikler gazanýar, bu bolsa her bir maşgalanyň doly abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň geljekde hem jemgyýetçilik - syýasy durnuklylygy saklamak, çuňňur ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görjekdigine, ýüze çykýan islendik meseläniň oňyn çözgüdini tapjakdygyna şübhe ýokdur. Hytaý Halk Respublikasyndan belli professor – syýasatşynas şeýle pikire gelýär. Türkmenistan garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýörite neşirleriň biri hem Birleşen Arap Emirliklerinde çap edildi. Iňlis we arap dillerinde çap edilýän žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary biziň Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň köp babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty bilen şertlendirilendigini aýratyn belleýärler. Türkmen Lideri dünýäniň köp ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de oňyn halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, makalada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň “geljekki abadan durmuşy döretmekde öňdeligi” üpjün etdi. BAE-de çap edilen neşiriň seljerme makalasynda Türkmenistanyň iri halkara üstaşyr-ulag merkezi hökmündäki ähmiýeti beýan edilýär, şunda howa, deňiz, demir ýol we awtoulag düzümleriniň biri-biriniň üstüni ýetirmek bilen häzirkizaman düzümleýin toplumlary yzygiderli ösdürýändigi bellenilýär. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini emele getirýär, olar eýýäm häzirden ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär diýip, makalalaryň awtorlary belleýärler. “25 Anniversary of Independence of Turkmenistan” žurnaly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna, şeýle hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine bagyşlanan uly göwrümli makalany çap edýär. Makalany ýazanlar Türkmenistany sagdynlygyň we belent ruhuň ýurdy diýip atlandyrmak bilen, Aziada-2017-niň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygaryny sözbaşy edip alýarlar. “Foreign Business in Georgia” žurnaly ýörite sanyny ýurdumyza bagyşlaýar. Žurnalda ýerleşdirilen makalalary ýazanlar Türkmenistany gowy bilýändiklerine garamazdan, esasy makalalaryň birini “Täze ýurt” diýip atlandyrypdyrlar. Munuň sebäbi daşary ýurtly myhmanlaryň Türkmenistana ara ep-esli wagt salyp her gezek gelenlerinde täze binagärlik desgalaryna, şäherleriň we obalaryň barha özgerýän keşbine täzeçe garaýandyklary sebäpli bolsa gerek. «Bu ägirt uly özgertmeler örän gysga wagtyň içinde, edil gözüň alnynda bolup geçýär. Ýokary depginler hem-de ýurtda bolup geçýän öňyn özgertmeleriň ýerli häsiýeti döwletiň içeki we daşary syýasatynyň esasy mazmunly tarapyny düzýär. Türkmenistan mundan ozal öz taryhynyň hiç bir döwründe şeýle netijeli hem-de girdejili ykdysady infrastrukturasy, şeýle kuwwatly senagat mamkinçiligi, ilatyň durmuş taýdan goragynyň kämil ulgamy bolan, döwletliligiň şeýle ýokary ösen derejesine eýe bolmandy!» diýip, makalalaryň awtorlary ýazýarlar. «Image.ua» halkara işewürlik žurnaly, beýleki köp sanly neşirler ýaly, öz sahypalaryny biziň ýurdumyza bagyşlaýar. Özem biziň ýurdumyz barada makalanyň bu žurnalyň sahypalarynda peýda bolmagy ilkinji gezek däldir. Ýörite goýberilişde häzirki zaman Türkmenistanyna degişli bolan esasy mowzuklar şöhlelendirilipdir. Žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde aýdan halkara başlangyçlary hem, daşary syýasy doktrinanyň aýratynlyklary hem, ulag diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hem, ýurdy senagatlaşdyrmagyň batly depginleri hem, türkmenleriň milli gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmekleri hem, obasenagat toplumyndaky özgertmeleriň netijeleri hem we başga-da birnäçe zatlar hakynda aýdylýar. Ýöne okyjylaryň ünsüni «Türkmenistan—geljekdäki döwletiň nusgasydyr» atly makala çekmek isleýäris. Ol «Image.ua» žurnalynyň ýörite goýberilişiniň jemini jemleýär. Ähli ady agzalan žurnallar şol bir ýurt hakynda ýazýarlar. Žurnalistleriň beýan edýän ugurlary hem şol bir ugurlar. Ýöne olaryň her haýsynda özboluşly aýratynlyk —bize daşyndan berilen garaýyş bar. Daşary ýurtly žurnalistler biz üçin bireýýämden bäri adaty bir zada öwrülen zatlary görüp, haýran galýarlar. Türkmen halkynyň dostlary bolan žurnalistleriň ýazan şeýle makalalary bilen tanyş bolup, ata-babalarymyzyň ýaşan gadymy topragynda bolup geçýän beýik işlere has çuňňur we anyk düşünýärsiň.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow