Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi
Çap edildi 26.12.2021
3520

25-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň ýolbaşçylarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýändiginiň, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, häzirki zamanyň wehimlerine garşy göreşmek babatda işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilmegini şertlendirýär.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly hereketleri esasynda Türkmenistanyň çäginden bikanun geçirilýän gadagan edilen serişdeleriň mukdarynyň görnetin azalýandygyny aýratyn bellemeli. Bu wehimiň ýaýradylmagyna ygtybarly garşy durmak işleri ýurdumyzda Hökümet we kanunçylyk derejesinde üpjün edilýär. Oňa raýat jemgyýetçiligi-de işjeň gatnaşýar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş pudagara çemeleşmeler esasynda barlyşyksyz häsiýete eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň her biri döwletimiziň häzirki zamanyň howply wehimlerine garşy durmak we mähriban halkymyzyň saglygyny, abadançylygyny goramak baradaky tagallalaryny goldap, ýörite peçlerde ýakylýan oda ele salnan neşe serişdeleri, kontrabanda temmäki we gadagan edilen derman önümleri bolan gutulary öz elleri bilen okladylar. Düzgünnama laýyklykda, neşe serişdelerini ýakmak çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem-de ygtyýarly bilermenleriň gözegçiligi astynda geçirildi.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary hem-de ýüzülýän howuzlary bolan mekdepler gurlup, yzygiderli ulanmaga berilýär.

Neşe serişdelerini, kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýakmak boýunça geçirilen çärä gatnaşyjylar ýaramaz ýagdaýa, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine garşy gönükdirilen umumy göreşe goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow