Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Gahryman Arkadagymyz bilen eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine täze zähmet üstünliklerine tarap
Hepdäniň wakalary
Gahryman Arkadagymyz bilen eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine täze zähmet üstünliklerine tarap
Çap edildi 26.12.2021
3363

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan täzeçil syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu özgertmeleriň baş maksady ata Watanymyzy ýokary ýaşaýyş-durmuş derejeli, senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmakdan ybaratdyr.

20-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz ilaty özümizde öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün etmek, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, geljek ýylyň hasylyndan başlap, bu ekinleriň ekilýän meýdanlarynyň artdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda abadanlaşdyryş işleriniň çäklerinde gök zolaklary döretmek boýunça wezipeleriň ylmy taýdan esaslandyrylan usulda hem-de bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahaty söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Olar milli Liderimiziň Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz söwdanyň medeniýetini, halka hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmagyň, ilatyň isleglerini öwrenmegiň, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny giňeltmegiň wajypdygyny belläp, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini bolsa azaltmagyň zerurdygyny nygtady hem-de bu işlerde kiçi we orta telekeçiligiň eýeleýän möhüm ornuny göz öňünde tutup, hususy ulgamda işleri kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine koronawirus ýokanjy zerarly dünýäde dörän ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu howply keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde Türkmenistanda koronawirus hadysalary ýüze çykarylmady. Häzirki döwürde köp ýurtlarda bu ýokanjyň täze görnüşleri, hususan-da, “omikron” görnüşi ýaýrap başlady. Ol ýurtdan-ýurda adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň hiliniň we howpsuzlygynyň bellenen kadalara laýyk gelmelidigini hem-de olara zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň gümrük amallarynyň bellenen kadalaryna laýyklykda bökdençsiz geçirilmegini we tiz wagtda bazarlardyr söwda nokatlaryna gowuşmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Milli Liderimiz Aşgabat şäherine gelýän we welaýatlara gara ýollaryň ugrunda hereket edýän barlag-goýberiş nokatlaryndan geçýän azyk harytlaryny daşaýan ýük awtoulaglarynyň Türkmenistanda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgelerine laýyklykda, birnäçe hyzmatdaş döwletler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meselelere garaldy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz türkmen wekiliýetiniň Hindistan Respublikasyna we Pakistan Yslam Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň netijeleri bilen tanyşdyryldy.

Habar berlişi ýaly, Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Hindistan” dialogynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynda möhüm meselelere, şol sanda dialogyň guramaçylyk-gurluş binýadyny ösdürmek mümkinçiliklerine garaldy. Türkmen tarapy diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda sebitiň energetika, ulag-aragatnaşyk serişdelerini birleşdirmek üçin has netijeli gurallaryň ýola goýulmagyna gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Olar, esasan, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesiniň taslamalary we beýleki möhüm taslamalardyr.

Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň ýokary syýasy derejede geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň çäklerinde beýan eden başlangyçlaryndan ugur alnyp, birnäçe esasy ýörelgelere esaslanylýar. Olar syýasy ugurda täze owgan häkimiýetleri bilen halkara gepleşikleriň ýola goýulmagyny goldamakdan we Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň bu ugurda möhüm ornuny berkitmekden, ykdysady ugurda bu ýurtdaky ýagdaýy durnukly ýola goýmak maksady bilen onuň ykdysadyýetini dikeltmekden, şol sanda onuň energiýa, ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek işine gatnaşmakdan, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermekden ybaratdyr.

Saparyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyklar geçirildi. Onda Türkmenistanyň Hindistan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy aýratyn bellenildi.

Pakistana bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabat şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça adatdan daşary mejlisine gatnaşdy. Onda sebit we dünýä ýurtlary tarapyndan Owganystana kömek bermek boýunça öňde durýan wezipelerdir anyk çäreler maslahatlaşyldy hem-de bu ýurda ýardam bermek, onuň ykdysadyýetini dikeltmek meselesinde Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi we bu ýurduň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy. Pakistan tarapy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we baýlaşdyrmak maksady bilen, Bilelikdäki hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak üçin ikitaraplaýyn türkmen-pakistan pudagara toparyny döretmek bilen bagly başlangyçlar beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna sebitdäki möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde garalýandygyny nygtady. Türkmenistanyň öňe süren giň gerimli we uzak möhletli ykdysady taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşar.

24-nji dekabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde bar bolan soraglary öwrenmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna iş saparlarynyň amala aşyrylandygyny, olaryň dowamynda bazarlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň işleri bilen tanşylandygy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bazarlarda we söwda nokatlarynda ilata elýeterli bahalardan harytlaryň giň görnüşi hödürlenýär. Bazarlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlar däl-de, özümizde öndürilen önümler artykmaçlyk edýär. Welaýatlardaky söwda edaralaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňden ornaşdyrylýar. Öndürilen önümleri gaýtadan işlemek, häzirki zaman önümçiligini ýola goýmak üçin täze tehnologiýalar, kämil enjamlar satyn alynýar.

Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmak üçin birnäçe teklipler beýan edildi. Hususan-da, ilaty özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmegi kämilleşdirmek, daşary ýurtlara eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak, önüm bolçulygy, haryt köpdürlüligi, bahalaryň elýeterliligi ýaly meseleleri hemişelik gözegçilikde saklamak, önüm öndürijileri höweslendirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has giňden ornaşdyrmagyň hasabyna söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, amatly bahalardan we tiz hyzmatlary ýola goýmak ýaly işleri geçirmek teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň we görnüşleriniň köpeldilmeginiň zerurdygyny nygtady. Bu önümler bäsdeşlige ukyplylygy boýunça dünýäde mynasyp orny eýeläp, olaryň içerki bazarda elýeterli bahalardan bolçulygy döredilmelidir hem-de daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýän möçberleri artdyrylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmak üçin pudagyň bar bolan ylmy-tehniki mümkinçiligini, innowasiýalary, dünýä tejribesini giňden we netijeli peýdalanmagyň möhümdigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalaryna Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahalaryny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyryldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine bu çäräni we arzanladylan bahadan satylýan harytlary giňden mahabatlandyrmak barada görkezme berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramagy tabşyrdy. Nyrhlary emele getirmek we bazarlarymyzy ýokary hilli ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek üçin öz wagtynda zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatda görülýän çäreleriň hatarynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň ýedisinde pagta çigidini gaýtadan işlemek arkaly arassalanan ýagy öndürmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Ýerli kärhanalarda öndürilýän arassalanan pagta ýagy söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýerlenilýär.

Himiýa senagatynda-da daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligi giňeldilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloruň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna — hususy kärhanalara “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde “Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol ýerde “Balkanabat” ýod zawodynyň önümhanalarynyň durky täzelenenden soň, senagatda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň öndürilişi ýola goýlar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklibi hödürlenildi. Täze düzümiň esasy maksady Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda, durmuş, medeni we beýleki ugurlarda öňe sürýän halkara başlangyçlaryny dünýä bileleşigine öz wagtynda, yzygiderli we guramaçylykly ýetirmekden ybaratdyr. Halkara habarlar merkeziniň işini üç esasy wezipä, ýagny Türkmenistan barada maglumatlary döwrebap media tehnologiýalaryň üsti bilen yzygiderli esasda dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmaga, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmäge hem-de halkara derejede işleýän habar beriş agentlikleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Bu babatda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, sebitiň döwletleri bilen habarçylary alyşmak hem-de agentlikleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär. 2022-nji ýylda ýurdumyzda daşary döwletleriň birnäçe iri halkara habar beriş edaralarynyň wekilhanalaryny açmak barada teklipler taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, guramaçylyk meselelerini içgin öwrenmegi hem-de milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlarda “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanalaryny açmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ylmy işgärlerini taýýarlamak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, 2022-nji ýylda pudaklaýyn sergileri we maslahatlary guramak, geljek ýylyň ýanwar aýynda göz öňünde tutulan medeni çäreleri geçirmek meselelerine hem üns çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu baýram her ýylyň 6-njy awgustynda belleniler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine Aşgabat şäherinde 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisiniň geçirilmegi geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly sebit hem-de halkara derejedäki awtoulag, demir ýol, deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi.

Iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisiniň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Nebitgaz, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Taraplar medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.

Daşary işler ministrliginde türkmen wekiliýetiniň Hindistan Respublikasyna we Pakistan Yslam Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Şeýle hem şol gün DIM-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Ol ýurdumyza koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça dünýä döwletleriniň tejribesiniň öwrenilmegi baradaky meselelere bagyşlandy.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri we agentlikleri, hususan-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Onda koronawirusyň hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak baradaky meselelerde lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda hemişe tejribe alşylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Geçen hepdede Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýa Federasiýasynyň “Sputnik Laýt” sanjymyny bellige aldy hem-de ýurdumyzyň çäklerinde ony ulanmak babatda degişli şahadatnamany berdi. Onuň netijeliliginiň görkezijisi 80 göterime ýakyn bolup, iki komponentiň ulanylmagyny talap edýän beýleki sanjymlaryň täsir edijiligini artdyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny baş maksat edinip, ilatymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berýär.

Geçen hepdede Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň iň howply wehimlerine garşy durmakda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýylda geçirilýän mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Onuň çäklerinde guramanyň işiniň birinji ýylynyň jemleri jemlenildi hem-de 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna garaldy.

Umuman, geçen hepde dürli wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak üçin berk binýady döretmek boýunça öňe sürýän giň gerimli başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nobatdaky gezek açyp görkezdi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow