Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.10.2016
1432

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýasynyň baştutany jenap Žil Remini kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi sazlaşykly ösýän hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň ägirt uly üstünlikleriniň we ýeten derejeleriniň nyşany bolan döwlet Garaşsyzlygynyň baýramy bilen mähirli gutlady. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we gutlalar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň esasy ugry bolan häzirkizaman täzeçil tehnologiýalary işläp taýýarlamakda ägirt uly tejribe toplan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda Fransiýanyň “Sifal” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de ýangyç-energetika toplumyny, gurluşyk we energetika pudagyny nazara almak bilen, dürli pudaklardaky bilelikdäki işiň tejribesi babatda köpýyllyk netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ägirt uly ýeňillikleri özünde jemleýän, amatly maýa goýum syýasaty netijesinde işewürligi ýokary derejede alyp barmak üçin zerur şertler üpjün edilen geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Işewür häzirki döwürde Ýewropada, hususan-da. Fransiýada Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen köpugurdy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garasşyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna ýörite çap edilen “Fransiýa-Türkmenistan” atly ýyllyk gollanma neşiriň ilkinji nusgasyny sowgat berdi. Ýurdumyz hem-de onuň ajaýyplyklary, türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti baradaky umumy maglumatlardan başga-da, bu özboluşly işewürlik-gollanmasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hususan-da, iki dostlukly döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi barada maglumatlar berilýär. Fransiýanyň “Bouygues”, “Sifal”, “Vinсi”, “Thales”, “Total” we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere işjeň gatnaşýan beýleki kompaniýallaryň ýurdumyzda alyp barýan işleri hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi alamatlandyrýar. Duşuşygyň ahyrynda Žil Remi “Sifal” kompaniýasynyň täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de tagalla etjenkdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow