Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.10.2016
1567

Aşgabat,26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň düzüm bölüminiň baştutany Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman duşuşmak we köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzylygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady hem-de milli Liderimize, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň belleýşi ýaly, “John Deere” kompaniýasy Türkmenistan bilen 25 ýyla golaý alyp barýan hyzmatdaşlygyna buýsanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň, şol sanda oba hojalygy ýaly möhüm pudagyň ösüşinde ýokary netijeler gazanyldy. Hususan-da, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi çözüldi. Şunuň bilen birlikde, ýurt dänäni we pagtany eksport edýär. Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Amerikanyň öňdebaryjy düzümleri bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda obasenagat pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna ähmiýet berilýändigini belläp, “John Deere” kompaniýasynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda iň täze ylmy gazanylanlary, häzirkizaman tehnologiýalaryny we täzeçil işläp taýalamalary önümçilige ornaşdyrýan Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde işewür hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Markwart fon Pents “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistana meýdan işleriniň ähli görnüşlerini doly ýerine ýetirmäge niýetlenen döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň, hususan-da, pagta ýygýan we däne orýan kombaýnlaryň, traktorlaryň, beýleki oba hojalyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürlemäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň wekili bildirilýän ynam üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir ýola hoşallyk bildirip, düzümiň işewür gatnaşyklaryny alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtadandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň amatly maýa goýum syýasatyny nazara alanyňda, ýurtda ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçilikleri bar.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow