Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.10.2016
1364

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp we wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi umumymilli baýram -- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan ägirt uly üstünliklerine haýran galýandygyny aýdyp, köp ýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň, ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän holdingi üçin uly hormat we buýsançdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany we Türkiýäni asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de medeniýetleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Türk kompaniýalary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň innowasion senagat infrastrukturasyny kemala getirmäge hem-de durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendigini aýdyp, holdingiň iri döwlet taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny belledi. Duşuşygyň çäklerinde türkiýeli işewür möhüm bilelikdäki taslamalaryň ilerledilişi barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň, Mary DES-niň çäginde gurulýan utgaşykly buggaz elektrik stansiýasynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy bar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň möhletleriniň hem-de hiliniň berk berjaý edilmegine işewüriň ünsüni çekdi. Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy bildirýän uly ynamy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk hem netijeli we ygtybarly hyzmatdaşlyk etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow