Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.10.2016
1388

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi. Işewür özara söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de özygtyýarly ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, “Polimeksiň” we beýleki türk kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn berkitmäge, ýurdumyzyň ösmegine hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny we iri möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga uly goşantlaryny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň barşynda özara ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde geljek ýylyň güýzünde iri möçberli sport baýramçylygy - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Döwlet Baştutanymyz sebitde deňi-taýy bolmadyk bu iri desga berilýän ähmiýetiň möhümdigini belläp, ýene bir gezek türkmen tarapynyň berk talaplaryna ünsi çekdi. Ähli işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we öz wagtynda tamamlanmagy şol talaplaryň esasylary bolmagynda galýar. Erol Tabanja ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň buýrujynyň bildirýän talaplaryna örän jogapkärçilikli çemeleşmäge hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lideriniň başyny başlaýan özgertmelerine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda işewür döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän uly baýramçylyk bilen ýene bir gezek gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow