Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 25.10.2016
1444

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletiň Baştutany pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we seçip alan döredijilik ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň strategiki häsiýete eýedigini belledi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ozal gazanylan ylalaşyklary, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalaryny nazara almak bilen, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi bolsa taraplaryň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýär. Söhbetdeşler iki halkyň medeni we ruhy umumylygynyň türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň esasy bolup durýandygyny aýtdylar hem-de netijeli ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmegiň, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň dünýä giňişliginde hem netijeli gatnaşyk edýändiklerini belläp, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň mundan beýläk hem halkara bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Liderleri dostlugyň iň gowy däpleri esasynda guralýan hem-de taraplaryň hoşmeýilli erkine daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow