Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň hatary artýar
Ykdysadyýet
Pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň hatary artýar
Çap edildi 09.11.2021
4478

Tamamlaýjy tapgyra gadam basan pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany gün-günden artýar. 9-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden we Kaka, Lebap welaýatynyň Saýat we Dänew, Balkan welaýatynyň Magtymguly, Daşoguz welaýatynyň Gubadag we Mary welaýatynyň Tagtabazar etraplarynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.

Pagtaçylaryň bu üstünligi oba hojalyk işgärleriniň umumy tagallalarynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, ýurdumyzyň her bir sebitiniň toprak-howa şertlerine laýyklykda ýöriteleşdirilmegi, iş tejribesine bazar gatnaşyklarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy we ýene-de birnäçe möhüm çäreler Türkmenistanyň alyp barýan oba hojalyk syýasatyna täze many-mazmun berdi hem-de bu ugurdaky wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen obalarynyň keşbiniň düýpgöter täzelenilmegi, ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy, döwrebap obasenagat düzümleriniň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, hususy ulgamyň işjeň ösdürilmegi ýaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ägirt uly wezipeleriň netijeli çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna maksada gönükdirilen goldaw berilýär. Bu kömek-goldaw obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzüminiň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylyşynda hem-de döwrebaplaşdyrylyşynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde we meliorasiýa meseleleriniň oňyn çözgüdinde aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Zähmetiň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi hem-de awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we daýhanlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamdaky maksada gönükdirilen çäreler obada iş hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaş işgärleri önümçilige çekmäge we ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda “СLAAS”, “John Deere” ýaly meşhur kompaniýalaryň tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Gurnaýjylaryň we inžener-işläp taýýarlaýjylaryň zähmeti bilen, olar ýyl-ýyldan barha kämilleşdirilip, öndürijilikli we dolandyryşda amatly häsiýetlere eýe bolýar.

Pagtaçylyk we däneçilik ekerançylygyň strategik ugurlarydyr. “Ak altynyň” hem-de bugdaýyň önümçiligi, gaýtadan işlenilişi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän obasenagat syýasatynyň hataryna girýär. Telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmegiň höweslendirilmegi, olaryň düýpgöter täze ykdysady ulgamda amala aşyrylmagy oba hojalyk özgertmeleriniň häsiýetli aýratynlygydyr.

Ýygym möwsümi dowam edýär, her günde “ak altynyň” müňlerçe tonnasy kabul ediş bölümlerine tabşyrylýar. Indi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynyň bähbidine ýurdumyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça ekerançylaryň öňünde goýan möhüm wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmet esasynda ýygym möwsüminiň depgini has-da güýçlendirilmelidir.

Soňky habarlar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
top-arrow