Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen manady — ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň nyşany
Ykdysadyýet
Türkmen manady — ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň nyşany
Çap edildi 01.11.2021
2605

Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda, hususan-da: “Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän we “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orun eýeleýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýa goýumlary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir” diýlip bellenilýär.

Gutlagda milli maksatnamalarymyzyň işjeň durmuşa geçirilmeginiň halkara giňişliginde-de öz beýanyny tapýandygy nygtalýar. Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşine halkara guramalar tarapyndan hem oňyn baha berilýär. Dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň halkara maliýe derejesi has-da pugtalandyrylýar. Muňa halkara agentlik tarapyndan Türkmenistana berlen derejeler hem şaýatlyk edýär.

Maslahatda edilen çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka bolandygy bellenildi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň garaşsyz ykdysady syýasatynyň başlanandygyny alamatlandyryp, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bellenilen sepgitlere üstünlikli ýetmekde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi.

Soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de daşarky täsirlere durnuklylygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatynyň miwesidir. Strategik meýilleşdirmäniň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek, maliýe guralyny, döwletiň pul-karz, salgyt-býujet, nyrh syýasatyny kämilleşdirmek, milli pul birligimiziň durnuklylygyny saklamak milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň konsepsiýasynyň möhüm ugurlarydyr.

Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň eýeleýän orny bellenildi.

Häzir döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrmak, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar hem-de oňyn netijeler gazanylýar. Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky hem-de beýleki maliýe edaralary ykdysady we maliýe synlarynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depginine ýokary baha berýärler.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde işjeň orny barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň halk hojalygy toplumynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrýan düýpli, oýlanyşykly özgertmeleriniň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

2011 — 2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna, 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyna hem-de 2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak, milli hasaplaşyk ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli amala aşyrylýar. Programma üpjünçilikleri işlenip taýýarlanylýar. Bank amallarynyň sanly ulgama geçirilmegi diňe bir hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini gowulandyrmaga, hasaplaşyklar üçin sarp edilýän wagty azaltmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da banklara puluň dolanyşygyna gözegçilik etmäge hem-de degişli çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, bank ulgamyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň esasy maksady işiň has köp zähmeti talap edýän görnüşlerini awtomatlaşdyrmakdan, maliýe-ykdysady ulgamyň işini işjeňleşdirmekden, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmakdan, netijeliligi we hili ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi ykdysadyýetimizde milli manadyň dolanyşygyny gowulandyrýar, netijede bolsa, Watanymyzyň halk hojalygy toplumynda täze önümçilikleriň artmagyna getirýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan işleriň hatarynda goýumçylaryň we maýadarlaryň bähbitlerini goramak arkaly olaryň ynamyny gazanmaga gönükdirilen çäreler bellenildi.

Amala aşyrylýan işleriň netijesinde milli pul birligimiz — manat elektron görnüşde hem giňden ulanylýar. Türkmenistanlylaryň “Altyn asyr”, “Millikart”, “Maşgala”, “Goýum bank karty», “Overdraft karty”, şeýle hem halkara “VISA” we “MasterСard” bank kartlaryny peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry açdy. Mundan başga-da ilatyň dolanyşykda bolmadyk pul serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy hem-de olaryň girdejileriniň artdyrylmagy üçin depozit bank karty netijeli gural bolup durýar, ol töleg terminallarynyň, “Internet-bankyň” we “Mobil-bankyň” hyzmatlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmäge, goýumlaryň galyndysyny hem-de internet üsti bilen geçirilen göterim töleglerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Bu ulgamda özgertmeleriň geçirilmegine, şol sanda ýurdumyzyň bank ulgamyny kadalaşdyrýan kanunçylygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly orun degişlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda döwrüň ýagdaýlary hem-de bu ulgamda hereket edýän halkara ölçegler hasaba alnyp, kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy.

Bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamak forumda garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekki ykdysatçylary taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýaş nesle döwrebap bilim bermek ugrunda ähli tagallalar edilýär.

Dünýäniň iri okuw merkezleri bilen hem köpugurly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Okuw meýilnamalary yzygiderli täzelenilýär, täze hünär ugurlary açylýar. Şunuň ýaly toplumlaýyn çäreler täzeçe pikirlenmegi başarýan hem-de özbaşdak batyrgaý çözgütleri kabul etmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzy geljekde hem öňde goýulýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen pul birlikleriniň nusgalaryny, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullary, milli zergärçilik şaý-seplerini hem-de ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän ýörite sergi guraldy.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow