Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
Sport
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
Çap edildi 23.10.2016
2564

Aşgabat, 23-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni, işden boş wagty, sport bilen meşgullanmak ýaly adaty ýörelgesine eýermek bilen, Saglyk ýoluny geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi milli maksada öwrüldi. Munuň özi tutuş halkymyzyň, ozaly bilen ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen baglanyşykly ýörelgeleriň barha pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Milli Liderimiz bu belent maksadyň döwletimiz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygy barada aýtmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň ynsan ýaşaýşynyň möhüm bölegine öwrülmelidigini yzygiderli belleýär. Milletiň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesini amala aşyrmak boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Güýz günleriniň hoştap howasy ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň etegindäki ýaýlalara özboluşly öwüşgin çaýdy. Köpetdagyň ajaýyp dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýoly sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň iň söýgüli künjekleriniň birine öwrüldi. Munuň özi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde has-da äşgär duýulýar. Dag gerişlerinden Aşgabadyň gözel görnüşi açylýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi ir säherde has-da ajaýyp görünýär. Onuň belent ymaratlary we özboluşly binalary, köpsanly çüwdürimleri gündogar ertekisini ýadyňa salýar, onda şäherimiz ak mermerden ýasalan ajaýyp gül kimin daş-töwerege gözellik çaýýar. Milli Liderimiz Saglyk ýoluny kä ylgap, käte ýöräp barşyna dag dereleriň gözelligini, bu töweregiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek ýörelgesiniň işjeňleşmegi, Diýarymyzyň ekologiýa derejesine aýratyn ähmiýet berilmegi netijesinde Saglyk ýolunyň ýakalarynda özboluşly tokaý zolaklary emele geldi. Bu bolsa diňe bir dag howasynyň däl, eýsem, tutuş töweregiň ekologiýa babatda ýokary görkezijilere laýyk gelmegi üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigatyň bu künjeginde seýilgäh zolaklaryny we dynç alyş ýerlerini gurmaga, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin dynç almaga amatly şertleri döretmäge bu ýerde bag oturtmak işleriniň ýerli tebigy-howa şertlerini nazara almak bilen geçirilmelidigine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz Saglyk ýoluny geçdi we sport awtomobiline erk edip, ýurdumyzyň Içeri işler ministrleriniň awtosport merkezine tarap ugrady.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow