Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
Ykdysadyýet
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
Çap edildi 15.09.2021
3094

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli toprak-howa şertlerine görä, “ak altyn” möwsümine ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk badalga berilýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar.

Welaýatyň häkimliginde bolan iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereket etmegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlar boldy.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde gowaça meýdany 155 müň gektary eýeleýär. Şonça ýerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, «Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” ýaly orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

Döwrebap oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün eder. Ýygym möwsüminiň dowamynda meýdanlarda “John Deere” kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň ýüzlerçesi işlediler. Soňky ýyllarda bu tehnikalaryň üsti täze kombaýnlar bilen ýetirildi.

Pagta daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň iki müňe golaýy hereket eder. “Daşoguzpagta” önümçilik birleşiginiň kabul ediş harmanhanalary we pagta arassalaýjy kärhanalary gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

Pagta ýygymyna başlanylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalykçy alymlar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjilerdir kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.

Hormatly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletli işleriniň rowaç bolmagyny hem-de ähli türkmen halkynyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg edip, “Harmanyňyza bereket!” diýen sözler bilen pagta ýygymy möwsümine başlamaga ak pata berdiler.

Soňra baýdaklar bilen bezelen, üsti doly “ak altynly” ýük awtoulaglary hem-de tirkegli traktorlar täze hasylyň kabul edilýän ýerine tarap ugradylar. Bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we sebitiň obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Welaýatyň artistleri hem-de tans-döredijilik toparlary ajaýyp konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Soňky habarlar
23.08
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
22.08
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
«Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan» for­ma­tyn­da­ky üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gynyň ýo­ka­ry de­re­je­li Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ÝÜZ­LEN­ME­SI
22.08
Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bilelikdäki Beýannamasy
22.08
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
22.08
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
21.08
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
top-arrow