Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň ähli üstünliklerimiz mähriban halkymyzyň zähmetinden gözbaş alýar
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň ähli üstünliklerimiz mähriban halkymyzyň zähmetinden gözbaş alýar
Çap edildi 06.09.2021
3493

Eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär. Bu sene ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy wakadyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylyň her güni zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanmagyny, üstünliklerimizi açyp görkezýän geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

30-njy awgustda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly wezipeler, täze, 2021-2022-nji okuw ýylyna hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý ekişi bilen bagly oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan meseleleriň çözülmegine ünsi çekdi. Şunda innowasiýa taýdan çemeleşmek, gallaçylary höweslendirmek hem-de ýerli toprak-howa şertlerini hasaba almak bilen, işi guramagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak esasy şertler bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýzlük ýeralmanyň hem-de beýleki ekinleriň bol hasylyny almak üçin olara ideg etmek işleriniň hilini we depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy barada durup geçmek bilen, meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň bellenilen meýilnamalarynyň ýokary hilli we öz möhletinde ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

Iş maslahatynda birnäçe guramaçylyk meselelerine hem garaldy.

31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlary harby düzümleriň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Döwletimiz tarapyndan goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär we goranyş häsiýetli Harby doktrinadan ugur alnyp, bu işler mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriler.

Milli Liderimiz dabaraly harby ýörişiň hödürlenen meýilnamasyny makullap, ondan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara nobatdaky harby atlary dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşany hakynda Düzgünnama, döşe dakylýan nyşanyň ýazgysy we nusgasy tassyklanyldy.

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Milli Liderimiz çykyşyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygyň 30 ýylynda geçen taryhy ýoluna, ýurdumyzy ösdürmekde öňde durýan täze wezipelere we olary çözmekde ýaşlaryň tutýan ornuna bagyşlady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlenip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belländigini ýatlatdy. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy ündedi.

Hormatly Prezidentimiz 30 ýylyň taryh üçin uzak möhlet däldigini belläp, ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň, döwletimiziň oňyn Bitaraplyk derejesiniň esasynda dünýä bileleşigindäki ornuny pugtalandyrmagyň, netijeli halkara hyzmatdaşlyga ymtylmagynyň esasy binýatlaryny häsiýetlendirdi.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny we 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini mysal hökmünde görkezdi.

Gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde Türkmenistan atly parlak ýyldyz döredi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz ýaşlara ýüzlenip, halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr diýip aýtdy. Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrýan üstünliklerimiziň ählisi irginsiz ynsan zähmeti bilen hasyl bolýar. Biz dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belläp, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz öňde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyzyň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy sapagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşiniň esasy ulgamlaryna degip geçip, ykdysadyýetde we durmuş ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda, sportda, medeniýetde gazanylan üstünlikler babatynda has aýdyň mysallary getirdi. Onda medeni diplomatiýanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Bu işde ÝUNESKO biziň iň ýakyn hyzmatdaşymyzdyr. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO-nyň kafedralary dörediler hem-de orta mekdeplerimiziň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler.

Döwlet Baştutanymyz öz halkyna we Watanyna peýda getirmekleri üçin ýaşlara ýokary hilli bilim almaga çalyşmalydyklaryny ündedi.

Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege ýetişi ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara ýüzlendi.

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady we senagat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda senagat toplumy, şol sanda nebit we gazhimiýa hem-de energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary görkezildi. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem uly geljegi bar.

Lebap welaýatynda “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jenap Kiýoşi Ejima milli Liderimize döwletara gatnaşyklar meselelerine uly üns we goldaw berýändigi hem-de täze elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana gelmäge çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şol gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Taraplar energetika we senagat ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem täzeden dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny bellediler. Lebap welaýatyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi barada aýratyn durlup geçildi.

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ýakynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk hem-de hususy düzümleriň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge goşýan goşandy, ýangyç-energetika toplumyny, söwda, oba hojalyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagy bilen bagly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy waka boljak Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Häzirki taryhy döwürde milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny şöhlelendirmek bilen, mynasyp dowam etdirilýändigini nygtady.

Milli Liderimiz “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernlerine, “Türkmenawtoulaglary” agentligine, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine we Lebap welaýatynyň häkimligine degişli käbir desgalary hususylaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hususyýetçiligi ösdürmäge, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň artmagyna ýardam bermelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiz nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Mejlisde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berildi. Bu önüme “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan laýyklyk güwänamasy resmileşdirildi. Ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden ulanylýan “An-2” kysymly uçarlary ýurdumyzda öndürilýän ýangyç serişdeleri bilen doly üpjün etmek hem-de ýangyjyň bu görnüşini sebitiň ýurtlaryna eksport etmek meýilleşdirilýär.

Pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymyna Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda telekeçiligiň ornuny has-da giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek barada tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, döwlet tarapyndan hususy pudaga mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem mejlisde ýakyn wagtda Aşgabadyň binagärlik toplumyny ýene-de bir desganyň — Hökümet münberiniň binasynyň bezejekdigi barada habar berildi. Onuň dabaraly açylyşy 16-njy sentýabrda bolar. Bu ýerde giň gerimli dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çäreler geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgama geçmek we degişli düzümleri ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegini işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, «Maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek hakynda» hem-de “Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada” Kararlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden hem-de türkmen halkynyň ynsanperwerliginden ugur alnyp, geçen hepdede Owganystanyň halkyna derman we lukmançylyk serişdeleri görnüşinde nobatdaky ynsanperwerlik kömegi berildi.

Köp sanly wakalara baý bolan zähmet hepdesini milli Liderimiz Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna barmak bilen tamamlady. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

Çärjew etrabynda ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edilen, kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň dabaraly ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tassyklanylan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň elektroenergetikasy üçin ähmiýetli ýene-de bir taslama daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwaty 581,2 MWt deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler. Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýanyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejima elektrik stansiýanyň açylyş dabarasynda çykyş edip, ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan “Sumitomo” korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy we Germaniýanyň “Max Planck” institutynyň “Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan elektrik stansiýanyň işgärlerine täze gulluk awtoulaglarynyň açarlary gowşuryldy.

1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

“Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda nygtady hem-de türkmenistanlylaryň ýaş nesline okuwda üstünlikler, mugallymlara bolsa olaryň Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmegiň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.

Täze okuw ýylynyň birinji güni hususy kärhanalar tarapyndan gurlan täze bilim edaralary ýurdumyzyň birnäçe sebitleriniň okuwçylary üçin öz gapylaryny açdylar.

Täze gurlan desgalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan 960 orunlyk ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebi görkezmek bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen oňa mugallym, okuw-terbiýeçilik işiniň işjeň guramaçysy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň “Babadaýhan” geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk, dört sany täze döwrebap umumybilim berýän orta mekdep açyldy.

Saýat etrabynyň “Çowdur” we “Lebaby” geňeşliklerinde gurlan iki sany döwrebap mekdep Lebap welaýatynyň umumybilim berýän okuw edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

Täze mekdepler döwrebap kompýuterler we beýleki degişli enjamlar, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de zähmet sapagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredilipdir.

Ýurdumyzyň hemme mekdeplerinde birinji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” atly öwrediji kompýuterler sowgat gowşuryldy.

3-nji sentýabrda ýurdumyzda güýzlük bugdaýyň ekişine köpçülikleýin girişilendigini bellemek gerek. Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2022-nji ýylda 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Bugdaý ekişine azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. Şu möwsümde dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly baýramçylyk çäreleriniň hatarynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Ýaş zehinleriň ruhubelent çykyşlary çagalara bagtyýar durmuşy peşgeş beren beýik ýurdumyzyň sahnada keşbini döredýän wideogörnüşler bilen sazlaşykly utgaşdyryldy. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly baýraklar we diplomlar, şeýle hem jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň hemmesine sowgatlar gowşuryldy.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milletimiziň ruhy hem-de döredijilik kuwwatyny artdyryp, saýlap alan parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen gyşarnyksyz öňe gitmegini dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow