Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ulag logistikasy — ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň hereketlendirijisi
Teswirlemeler
Ulag logistikasy — ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösüşiniň hereketlendirijisi
Çap edildi 26.08.2021
3764

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmekden ybaratdyr.

Bu ulgamda milli Liderimiziň başlangyjy bilen giň gerimli taslamalar, şol sanda hereket edýän awtomobil we demir ýollarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, täze ugurlaryny gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämigurluşygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek hem-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ähli döwlet kärhanalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär.

Şunlukda, häzirki döwrüň talaplaryny hasaba almak bilen, degişli düzümleriň kämilleşdirilmegine hem-de olaryň giňeldilmegine gönükdirilen özgertmeler yzygiderli geçirilýär.

Ulag we aragatnaşyk ulgamyny özgertmek, toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredilip, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri onuň garamagyna berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek wezipelerini ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitledi. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň maddy binýady hem-de netijeli guraly bolan ählumumy we sebit ulag-üstaşyr ulgamyna okgunly goşulyşmagy bilen şertlendirilýär.

Üstaşyr ugur ulag hyzmatlarynyň eksportydyr, şeýle eksportyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bolsa milli Liderimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr, ulag we ugurdaş hyzmatlaryň tölegleri, düzümiň ösdürilmegine maýa goýum serişdeleri, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we başga görnüşdäki gönüden-göni pul serişdeleriniň gelip gowuşmagydyr.

Bilermenler ulag ulgamynyň ösüşi bilen söwdanyň ösüşiniň arasyndaky özara baglanyşygy seljermek arkaly haryt akymlarynyň guryýer hem-de suw boýunça hereketiniň özüne düşýän gymmatyny hasaplaýarlar. Häzirki wagtda bilermenleriň köpüsi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwdanyň iň okgunly ösýän bazara öwrüljekdigini aýdýarlar hem-de kommunikasiýa düzümlerine sebitara ýük akymlaryny çekmegi başarýan ýurtlar bu ugurda uly girdejileri alarlar diýen pikiri öňe sürýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda alyp barýan syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky tebigy üstaşyr köpri bolup durýan ulag düzüminiň ägirt uly kuwwatyny doly derejede peýdalanmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar hem şaýatlyk edýär.

Bu başlangyçlaryň möhümligi hem-de uly gyzyklanma eýe bolmagy düşnüklidir. Sebäbi ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna, ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir.

Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu resminamanyň kabul edilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Kararnamanyň esasy wezipeleri dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri azaltmak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen uzak möhletleýin geljege niýetlenen netijeli doly görnüşli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýär. Ýurdumyz sebitleýin hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşylan çözgüdini işläp düzmekde işjeň orny eýelemek bilen, köpugurly hyzmatdaşlyga, ulag ulgamyndaky gatnaşyklara çemeleşmeleri giňeltmek ugrunda çykyş edip, özüniň döredijilik başlangyçlaryny tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi üçin demir ýol gatnawlary uly ähmiýete eýedir diýip belleýär. Ulagyň bu görnüşi nebit we nebit önümleri, gurluşyk serişdeleri ýaly ýükleri daşamakda hem-de üstaşyr gatnawlarda artykmaçlygyny saklap galýar.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmendemirýollary” agentliginiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, innowasiýa usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär.

Gatnaw düzüminiň hem-de ýolagçy-wagon tehniki toplumyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, hünärmenleriň zähmet öndürijiligi, hyzmatlaryň hili ýokarlandy.

Pudagyň alyp barýan işlerinde awtomobil ulaglaryna uly ähmiýet berilýär. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberi artdy. Bu ulgamda Türkmenistanyň innowasiýa tehnologiýalardan hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesinden ugur alýandygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça agentlik tarapyndan dürli kysymdaky häzirki zaman awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Täze awtoulaglaryň ekologiýa babatda halkara ölçeglere kybap gelýändigi hem möhüm ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän ähli tehnikalara we enjamlara bildirilýän esasy talaplaryň biridir.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň maksady bu pudagyň aýrylmaz bölegi bolan raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Raýat awiasiýasyna içerki hem-de halkara gatnawlarda ýolagçy gatnadylmagynda we ýük daşalmagynda ähmiýetli orun berilýär.

Şu ýylyň 23-nji iýunynda Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine yzygiderli ünsüň aýdyň mysalydyr. Munuň özi Watanymyzyň yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän möhüm halka hökmünde ornuny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Kerki şäherindäki döwrebap howa menzili ýük we ýolagçy gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Şu ýylyň 14-nji iýulynda döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň dabaranyň barşynda nygtaýşy ýaly, bu toplum döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Täze howa menzili howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwrebap ulag-logistika merkezleriniň gurulmagy baý tebigy gorlara eýe bolan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ulag ulgamy Hazar deňzi we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösýän netijeli gatnaşyklary kemala getirmekde möhüm halka bolup hyzmat edýär.

Häzirki döwürde Hazarýaka döwletleriň her biri deňiz, awtomobil ýollary, demir ýol, howa ýollary arkaly ýolagçy we ýük gatnawlarynyň döwrebap düzümlerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär. Hazar deňziniň üstünden geçýän transkontinental ýollaryň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara geçelgeleriň döredilmegi goňşy döwletleri durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek üçin şertleri üpjün eder, olaryň maýa goýum özüne çekijiligini artdyrar, sebit we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi aýratyn manyly waka bolup, hünärmenleriň aýdyşy ýaly, tutuş Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebiti üçin strategik ähmiýete eýe boldy. Onuň mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagy Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarar hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ählumumy ulgamyna girişmegine, ýurdumyzyň yklymyň multimodal aragatnaşyklar ulgamynda ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Portuň öňdebaryjy düzüm bölekleri diňe bir bar bolan talaplary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde hem ediljek talaplary ýokary hilli hyzmaty bilen kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatynda işe girizilmegi kontinental ýük gatnawlarynyň logistik zynjyrlarynda düýpli özgerişlere getirer we türkmen üstaşyr terminallary has gysga we bähbitli ugurlar üçin iň amatly terminallar hökmünde bu zynjyryň möhüm halkasy bolar. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde başga-da ähmiýetli çäreler boldy.

Olaryň hatarynda – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyny görkezmek bolar. Onuň jemleri boýunça taraplaryň möhüm ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek islegini tassyklaýan möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy Hazar deňzi sebitine uly göwrümli we agyr ýükleriň ulagyň dürli görnüşleri bilen getirilmeginiň aýratynlyklary, olaryň biziň ýurdumyzyň çäklerinden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirilmegi hyzmatdaşlygy täze derejelere çykaryp, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna ýardam eder.

Ulag düzüminiň ýükleri daşamagyň ugurlaryny, wagtyny, ýüklemek we wagtlaýyn saklamak ýerini has amatly sazlaşyga getirmek boýunça logistik hasaplamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Häzirki döwürde ulag ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow